MAKALA

Şarja – kitap paýtagty

Birleşen Arap Emirlikleriniň ululygy boýunça üçünji şäheri hasaplanýan Şarja 2019-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty adyna eýe boldy. Bu abraýly ada Madrid (2001), Aleksandriýa (2002), Nýu-Deli (2003), Antwerpen (2004), Monreal (2005), Turin (2006), Amsterdam (2008) we başga-da birnäçe şäherler mynasyp bolupdylar. Bu abraýly dereje kitap okamagy ündemekde gazanylan üstünlik üçin berlip, ol bir ýyl dowam edýär. Şarjanyň saýlanmagam ýöne ýere däl, çünki emirlikler edebiýat boýunça ähli zady öz içine alýan innowasion taslamalara işjeň goldaw berýär. Bu çäräniň maksady BAE-de kitap okamagy ýaýratmak, şeýle hem, sebitde we arap dünýäsiniň beýleki ýerlerinde edebi döredijilikde täze başlangyçlary goldamakdan ybaratdyr. Şeýle hem Şarjada kitap neşirýatyna, neşir işlerine bagyşlanyp, ilkinji erkin zolak açyldy. Bu dabara mynasybetli Şarjadaky «Al Majaz» amfiteatrynda «Müň bir gije: soňky bölüm» sahnasy goýlup, ony janlandyrmaga milletleriň onlarçasyndan 537 artist gatnaşdy.

«Okaň, siz Şarjada» diýen şygar astynda geçirilýän çäräniň maksatnamasyna raýdaşlyk, labyzly okaýyş, mirasa hormat, kitaba bolan gyzyklanmany ösdürmek, kitap neşirýaty we ýaşlar ýaly birnäçe ugurlar girizildi. Şeýle hem ol ýaş şahyrlaryň bäsleşigi, Braýlýa ulgamy boýunça taktil kitaplary döretmekde trening-seminarlary öz içine alýar.

Şarja 2001-nji ýyldan bäri Bütindünýä kitap paýtagtlarynyň sanawy boýunça 19-njy şäherdir. Bütindünýä kitap paýtagty derejesi Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni 23-nji aprelde Gresiýanyň paýtagty Afinydan Şarja geçirildi.

  • 44
  • 10.08.2019