MAKALA

Esgerleriň dynç alyş güni gyzykly geçýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda esgerleriň dynç alyş günleri manyly, gyzykly geçirilýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda harby gullukçylar bilen muzeýlere, teatrlara, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleriň ýygy-ýygydan guralmagy, olaryň gulluk borçlaryny ruhubelent ýerine ýetirmeklerine uly itergi berýär.

Golaýda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän Magtymguly Pyragy muzeýinde serhetçi esgerler gezelençde boldular. Gezelenç çuň many-mazmunly geçdi. Gezelenjiň barşynda esgerler bilen muzeýiň hünärmenleriniň, etrabyň bilim we medeniýet işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň başlygy Hanmeňli Hojamämmedowanyň wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Onda edilen watançylyk çykyşlar serhetçileriň kalbyndaky eziz ýurdumyza buýsanjy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredip beren şu asuda hem eşretli döwrümize guwanjy has-da artdyrdy. Şeýle-de geçirilen çärede «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanan çykyşlar esgerlerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Maksat Geldiýew.

  • 64
  • 10.08.2019