MAKALA

Ýaş türkmen boksçylary Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular

Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 1-nji awgustdan 9-njy awgust aralygynda Kuweýtde geçirilýän ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşýar. Wekilçilikli ýaryşa dünýä döwletleriniň 21-sinden türgenleriň 150-si geldi.

Şu güne çenli türkmen türgenleri 35 kg we 70 kilogramdan agyr agramlarda medallaryň ikisine mynasyp boldular.

Daşoguz şäherinden 8-nji synp okuwçysy Daniýar Rozmetow we paýtagtymyzdan sekizinji synp okuwçysy Bogdan Konstantinow bürünç medal eýelediler.

Türkmenistanly ýetginjeklerden ýedinji synp okuwçysy Döwlet Nurmyradowyň we 8-nji synp okuwçysy Alyşir Orazbaýewiň hem baýrakly orunlary eýelemäge mümkinçilikleri bar.

Olaryň ikisi-de öz agramlarynda – degişlilikde 43 we 40 kilogram agramlarda ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna çykdylar.

 

  • 44
  • 10.08.2019