MAKALA

1000 metr aralykdan

Ýaponiýanyň «Fujifilm» şereketi özüniň dünýädäki «ýiti gözli» wideogözegçilik ediji kamerasyny döredendigini yglan etdi. Döredijiniň nygtamagyna görä, SX800 modeli 40 esse optik zumly we fokus aralygy 20-800 milli metrdir. Bu awtoulaglaryň belgilerini müň metr uzaklykdan hem anyklamaga kömek eder. Fujifilmiň bu onümi howpsuzlyk maksadynda ulanmak üçin hem amatly bolup, ol 0.3 sekundyň içinde ýazga almaga ukyplydyr. Kamera hatda ümürli howada hem şekilleri aýyl-saýyl düşürmek mümkinçiligine eýe. Kameranyň gije surata almak üçin ISO ýagtylyk duýujylyk diapazony 819 200-e barabar. Şeýle-de SX800 arkaly 1.5 km aralykdan adamyň elindäki tablisany hem görüp bolýar. SX800 halkara araçäkler, tokaý massiwleri we köpçülikleýin ýerler: howa menzilleri, uly ýollar we deňiz portlary üçin niýetlenendir. Bu täzelik şu ýylyň iýul aýynda satuwa çykaryldy.

«Daşoguz habarlary» gazeti.

  • 12
  • 10.08.2019