MAKALA

Hazar täsinlikleri

Hazar deňzi, Aral hem Gara deňizleri ýaly, 5,5 million ýyl mundan öň böleklere bölünen gadymy Tetis deňziniň galyndylarydyr.

Hazar deňzi barada ilkinji geografik maglumatlaryň biri «Taryhyň atasy» hasaplanýan gadymy grek alymy Geradotyň ýazgylarydyr. Olarda şeýle diýilýär: «Hazar deňzi aýratyn bolup, beýlekiler bilen goşulýar. Onuň uzynlygy 15 gün, ini deňziň iň giň ýerinde 8 gün kürekli gaýyk bilen ýüzmäge deň. Gündogarda bu deňiz giň ýaýlymdaky düzlük bilen çäklenýär. Bu ýerleriň köpräk böleginde massagetler ýaşaýar».

Hazar dünýäniň köl suwlarynyň 4043%-ni tutýar.

Ogurjaly adasy Hazar deňziniň iň uly adasydyr.

Deňiz balyk resurslaryna juda baýdyr. Onda balyklaryň ençeme görnüşi bar. Olaryň 5-si endemik bolup, osetr balyklarynyň 90%-i Hazar deňzinde duş gelýär.

Deňziň kenarynda Türkmenbaşy, Baku, Aktau, Mahaçgala, Reşt, Babolser ýaly şäherler ýerleşip, olaryň aglabasynda dynç alyş maksatly merkezler döredilendir.

 

 Internet habarlary esasynda taýýarlanyldy.

 

  • 13
  • 10.08.2019