MAKALA

Ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty — dünýä wekilýetleriniň nazarynda

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda guralan «Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar» hem-de «Türkmen sährasy-2019» sergileri ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň ýokarydygyny aýdyň görkezdi.

Sergilerde ýurdumyzda öndürilýän nebit we nebit önümleriniň, dokma önümleriniň, ýeňil senagatyň we beýleki pudaklaryň ýokary hilli önümleri ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde türkmen halylaryna, dokma önümlerine, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça sebitde iri gazhimiýa toplumyna, «Garabogazkarbamid», «Marykarbamid», «Türkmen aýna önümleri» zawodlarynyň we beýleki kärhanalaryň önümlerine aýratyn baha berildi.

Şeýle-de ýurdumyzda hususy telekeçileriň yhlasy bilen öndürilip başlanan ýokary we elýeter bahaly häzirki zaman önümleri hem görkezildi. Halk arasynda oňyn seslenme gazanan «Güneş» we «Emaý» markalarynda çykarylýan kir ýuwujy serişdeleriniň sergide ýaýbaňlandyrylmagy Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän sergileriň özboluşly bezegi boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Akkumulýator önümçilik kärhanasynyň «Kuwwatly» we «Ýyldyz» akkumulýator markalary, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan robotlar görkezildi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Göçme birža söwdasy hem ýola goýuldy. Onda ýurdumyzda öndürilýän nebit we nebit önümleriniň, dokma önümleriniň, ýeňil senagatyň we beýleki pudaklaryň ýokary hilli önümleri satuwa hem çykaryldy. Göçme birža söwdasyna birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga gelen kompaniýalar gatnaşdylar. Umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna deň bolan geleşikleriň jemi 72-si bellige alyndy.

Daşary ýurtly telekeçiler ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Olar nebit we nebit önümleriniň, dokma we haly önümleriniň, azyk we deri önümleriniň, her dürli ýokary hilli aýakgaplaryň, eginbaşlaryň dünýäde iň bir islegi ýokary önümler bolmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýtdylar. Olar ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny ýokarydygyny ýene bir ýola aýan etdi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 53
  • 12.08.2019