MAKALA

Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 3 medal eýelediler

Özbegistan döwletiniň Almalyk şäherinde guşakly göreş boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda ýurdumuzyň türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. Ildeşlerimiziň 3-si bil bagly göreşi, ýagny Özbek göreşi boýunça üstünlikli çykyş edip, öňdäki baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara ýaryşynda paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Umyt Garagulow 50, Guwanç Abaýew 45 kilogram agramlarda 3-nji orunlary eýelediler. 44 kg agramda çykyş eden, Maral Garjykowa 2-nji orna mynasyp boldy.

 

  • 12
  • 12.08.2019