MAKALA

Awazada Ginnesiň rekordlar kitabynyň sertifikatyny gowşurdylar

8-nji awgustda Awazadaky Halkara konferensiýasynyň plenar mejlisiniň barşynda ekologiýa boýunça köp sanly adamlaryň gatnaşmagynda geçiren uly sapagy üçin Türkmenistanyň degişli wekiline Ginnesiň rekordlar kitabynyň sertifikaty gowşuryldy.

  Ginesiň rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşi:

— Türkmenistanyň ekologiýa babatynda durmuşa geçirýän işleri dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Bu sertifikat hem onuň aýdyň subutnamasydyr — diýip belledi.

  Bu günki gün Türkmenistan arassa ýangyç öndürmek, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary integrasiýa etmek bilen «ýaşyl tehnologiýa» geçmek boýunça ýaýbaňlandyrmak işlerini has-da tizleşdirýär.

  Uglerody azaltmak boýunça awtoulaglara derek welosipedleri ulanmak, mekdep okuwçylarynyň eko-taslamalary, öýüň töweregindäki ýerleri ýaşyl baglyga öwürmek ýaly raýatlaryň şahsy başlangyç işlerine hem kömek berilýär.

           

  • 10
  • 12.08.2019