MAKALA

Türkmenistan Russiýanyň sebitleriniň gapdaly bilen gämi aragatnaşygyny goýbermekligi meýilleşdirýär

«Türkmenistan Russiýanyň sebitleriniň ýany bilen gämi gatnawyny döretmekligi meýilleşdirýär» diýip, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň geňeşçi agzasy Serdar Durdyýewiň internet sahypasyna salgylanyp, TACC habar berýär.

            «Türkmenbaşy bilen Astrahanyň arasyndaky gämi gatnawynyň işiniň başlanmagyna näçe wagt galdy?» diýen sowala «Häzir foruma ilkinjileriň biri bolup Astrahan welaýatyndan tutuş bir wekiliýet geldi, birnäçe zatlary ara alyp, olar bilen bireýýäm jebis gürrüňdeşlik geçirilýär» diýip Serdar Durdyýew jogap berdi.

            Munuň bilen bilelikde Türkmenistan gämi gatnawyny diňe bir Astrahan welaýaty bilen gurnaman, eýsem, Demirgazyk Kawkazyň sebitleri bilen hem gurnamagy meýilleşdirýär diýip belledi.

            2002-nji ýylda Türkmenbaşy bilen Mahaçkala şäherleriniň arasynda gämi gatnawy goýberilip, bu ýol bir ýyl töweregi hereket edipdi. Tas iki sany onýyllygyň geçmeginde köp zatlar özgerdi, şol sanda 2018-nji ýylda Türkmenbaşy şäherinde sebitiň iň uly Halkara portlarynyň biri  açyldy we Türkmenistanyň transport-tranzist kuwwaty hem ösdi. Bu deňiz duralgasy halkara standartlara laýyk gelýän enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, onuň meýdany 3,6 müň metr uzynlygy bolan gämi duralgasy bilen 1 million 385,5 müň m2 eýeleýär.

  • 10
  • 12.08.2019