MAKALA

Daşky gurşawy goramagyň hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň hökümeti we WWF ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň hökümeti we Tebigaty goramagyň Bütindünýä gaznasy daşky gurşawy goramagyň hyzmatdaşlygy barada ylalaşyga gol çekdiler diýip WWF-nyň resmi saýty habar berýär.

Berilýän habara görä, Türkmenistandaky birinji Hazar ykdysady forumyň barşynda  resminama gol çekildi. Soňra ekspertlere diňe geljekki işleriň meýilnamasyny taýýarlamak we ylalaşmak galdy. Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga çekilen goluň netijesinde Türkmenistandaky ýabany Tebigaty goramagyň Bütindünýä gaznasynyň işi täze itergi alar.

Tebigaty goramagyň Bütündünýä gaznasy – bu halkara jemgyýetçilik guramasy bolup, gorap saklamaga, daşky gurşawyň dikeldilmegine we onuň derňewine degişli işleriň çäginde işleýär. Onuň esasy maksady Ýeriň biologik dürlüligini gorap saklamakdyr.

  • 5
  • 12.08.2019