MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Birinji Wise-prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow EýranYslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň salamyny we tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwyny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Eshak Jahangirimilli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Gurban baýramy, şeýle hem şu günki şanly waka - birinji Hazar ykdysady forumynyň açylmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan taryhy-medeni umumylygyň häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny nygtap, dostluky ýurduň ýolbaşçy düzümine iň oňat arzuwlaryny we Gurban baýramy mynasybetli gutlagyny ýollady.

Milli Liderimiz netijeli we işjeň döwletara gepleşikleriniň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, biziň ýurtlarymyzyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde birek-birege özara goldaw berip, gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Döwletleriň ikisi hem Hazarda oňyn özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmündäki derejesiniň pugtalanmagy ugrunda çykyş edýärler.

Söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi hakynda pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň işewür gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine bolan meýilleri tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ýangyç-energetika toplumy ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine garadylar. Biziň ýurtlarymyzyň amatly çäk ýerleşişi we ägirt uly tebigy serişdelere baýlygy bilen baglylykda, bu ugurlarda giň mümkinçilikler bar.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistan bu ugurda sebit we halkara ulag aragatnaşyk düzümini emele getirmek üçin birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berjek Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýol gurluşygy umumy tagallalaryň üstünlikli birikdirilendigine ajaýyp mysal bolup durýar.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portundan, Eýranyň Enzeli we Neka portlaryna hem-de Bender — Abbas portunyň üsti bilen Pars aýlagyna çykýan deňiz ugry hem Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna ýükleri eltmekde bähbitli logistik çözgüt bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ugurlaryň giň görnüşi boýunça sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygyna täze depgin beren birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy.

Myhman durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalaryň bu forumyň netijesi boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik, Eýran wekiliýetiniň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar, halkara giňişliginde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny tassyklap, özara gyzyklandyrma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

  • 19
  • 13.08.2019