MAKALA

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygy boldy. Ol birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin uly wekiliýete baştutanlyk edip, ýurdumyza geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany bilen salamlaşyp, Türkmenistan bilen çuňňur taryhy, ruhy we medeni kökleri bilen baglaşan Gazagystanyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Bu ýurt bilen özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan türkmen-gazak gatnaşyklaryna sarpa goýýarys hem-de olaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi. Gazak tarapynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Myhman mähirli garşylandygy üçin hoşallyk bildirip we Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyza Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny hem-de forumyň işine üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Askar Mamin doganlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän, sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň Gazagystanda uly goldawa mynasyp bolýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrine mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe, tutuş doganlyk gazak halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň köp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi, şeýle hem söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika ulgamlary ýaly strategiki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, häzir hereket edýän «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň, şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenbaşy — Gazagystan döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy baradaky başlangyjyň wajypdygy nygtaldy. Bu ýol ýakyn geljekde goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan döredijilikli başlangyçlary döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan bu ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça durmuşa geçirýän taslamalary Hazar sebitiniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyna ýardam etmek bilen, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Biziň ýurdumyz «Açyk gapylar» we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýär, sebitiň we dünýäniň döwletleri üçin ulag-üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça netijeli ädimleri ädýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu ugurda öňe sürülýän teklipler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şondan ozal ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny» hem-de «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemelidiris.

Serhetýaka hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, iki goňşy döwletiň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak, Türkmenistanyň işjeň öňe sürýän energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerine deglip geçildi.

Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, möhüm ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi. Ekologiýa ulgamy häzirki zaman şertlerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan we Gazagystan, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz bu gaznada başlyklyk edýär. Şeýle hem Hazar meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge uly üns berilýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleri bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we döwletara gatnaşyklaryň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek babatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini nygtady.

Täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda gazhimiýa ulgamynda goňşy ýurtlaryň ykdysady we serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çäreleriň ýokary derejesini belläp, Askar Mamin Bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasyna mahsus bolan netijelilik Hazarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze kuwwatly itergi berýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri iki ýurduň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýandygyny tassykladylar.

  • 4
  • 13.08.2019