MAKALA

Türkmenistanyň IIM-niň robotlary «Türkmen sährasy-2019» awtoulag sergisinde

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan robotlar birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän «Türkmen sährasy-2019» awtoulag sergisiniň özboluşlylygyny artdyrýar. Bu robotlar ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň önümi bolup, şol ýerde programmirlenendir. Bu ýerde robotlaryň birnäçe görnüşleri sergilenip, sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Milli tansymyz bolan «küştdepdi» tansyny ýerine ýetirýän «tansçy» robotlar myhmanlarda aýratyn täsir galdyryp, ýurdumyzyň ösüşleriniň, milli sungatymyzyň hem-de mirasymyzyň belentliklerini dabaralandyrýar.

Ellerinde döwlet baýdagymyzy parladyp duran adam şekilli robotlar ýa-da akwariumda ýüzüp ýören balyk görnüşli robotlar hem daşary ýurtly wekiliýetleriň nazaryndan sowa düşmeýär. Bu robotlar ýörite dolandyryş ulgamlary arkaly herekete getirilip bilinýär. Myhmanlar ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalar ulgamynda ýeten sepgitlerini synlap, özleriniň bu ugur gazanan tejribelerini we pikirlerini paýlaşýarlar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şeýle döwrebap tehnologiýalaryň öndürilmegi, bu ulgamlarda kämil hünärmenleriň kemala gelýändiginiň hem-de döwletimiziň goranyş kuwwatynyň döwrüň talabyna laýyk enjamlar bilen berkeýändiginiň subutnamasyna öwrülýär.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 56
  • 11.08.2019