MAKALA

Dünýäniň binagärlik desgalary

Çäýnege meňzeş täsinlik

Gündelik durmuşymyza giňden ornaşan çäýnegi bina görnüşinde görmek täsindir. Hytaýda bina edilen toýun çäýnek görnüşli bina hem özüniň daşky keşbi bilen köpleriň ünsüni özüne çekmegi başardy. Dünýäniň iň uly çäýnege meňzeş binasy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren bu medeniýet we sergiler merkeziniň gurluşygy ýerli «The Wanda Group» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylypdyr. Desganyň daşky görnüşiniň arhitekturasynda hytaý halkynyň milliliginden ugur alnypdyr. Toýun çäýnek ýerli halk tarapyndan baryp XV asyrdan bäri asman mukaddesliginiň alamaty hökmünde kabul edilýär. Şeýle hem Hytaý çaýyň watany hasaplanýar. Meýdany 3,4 million inedördül metr, beýikligi 38,8 metr bolan bu binanyň daşy ýuka maýyşgak alýumin we dürli ölçegli aýnalar bilen gurşalandyr. Medeniýet we sergiler merkeziniň gurluşygyna 40 milliard ýuan, (6,4 milliard amerikan dollary) harçlanypdyr.

 

Sebet görnüşli ymarat

ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda äpet sebet görnüşli täsin bina köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu desga «Longaberger» nyşanly sebet öndürýän kompaniýanyň edara jaýy bolup, ol 1997-nji ýylda gurlupdyr. Daşky binagärlik taslamasy kompaniýanyň gurujysy Deýw Longabergere degişlidir. Umumy agramy 8500 tonna bolan bu äpet sebediň gurluşygynda 8000 kubmetr demirbeton önümi ulanylypdyr. Beýleki desgalaryň tersine, ýokary gitdigiňçe barha giňeýän, ýedi gatly binanyň tutýan meýdany 2200 inedördül metr bolup, ýokarsynda 3300 inedördül metrlik meýdança bar. Bu ýerde 142 orunlyk teatr zaly ýerleşýär.

 

Görnükli bina

Kanadanyň Monreal şäherindäki adaty bolmadyk, uly kublardan ybarat ýaşaýyş toplumynyň taslamasy Moşe Safdi tarapyndan 1966 — 1967-nji ýyllarda amala aşyrylyp, «Ekspo — 1967» sergisi wagtynda durmuşa geçirilipdir. «Habitat — 67» diýlip atlandyrylan bu ýaşaýyş toplumy biri-birine berkidilen 354 kubdan ybarat bolup, ol 146 maşgala niýetlenipdir. Onuň ýene bir aýratynlygy bolsa, her maşgalanyň özüne degişli baglyk ýeriniň bolmagydyr. Bu ýaşaýyş toplumy häzirki wagtda hem özüniň taslamasynyň ajaýyplygy bilen hemmeleriň ünsüni çekýär.

 

Taýýarlan Oguljennet Paşşykowa.

  • 20
  • 15.08.2019