MAKALA

Taryhy forum serhetçileriň arasynda wagyz edilýär

 «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy dünýä ýaň saldy. Bu iri göwrümli halkara çäresi, diňe bir Hazarýaka döwletleriniň däl-de, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Munuň özi, Hazar sebitiniň dünýä geosyýasatynda uly ähmiýete eýe bolandygyny görkezdi we Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam berdi, Hazar deňziniň hakykatdan hem dost-doganlyk deňzine öwrüljekdigine şaýatlyk etdi. Forumyň çäklerinde dünýäde awtomobil gurluşygy babatda gazanylanlary şöhlelendirýän «Türkmen sährasy-2019» atly halkara sergisi hem geçirildi. Onda täze, ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglary we ýörite tehniklar görkezildi, awtomobil gurluşygy ulgamynda innowasion işläp taýýarlamalar, awtoaudia we wideoelektronika senagatyndaky iň täze ugurlar öz beýanyny tapdy. 

Elbetde, bu taryhy waka ähli halkymyz bilen bir hatarda serhetçileri hem galkyndyrdy. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde häzirki wagtda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti dogrusynda buýsançly çärelere, maslahatlara giň gerim berildi. Şeýle aýdym-sazly çäre golaýda deňiz serhet birikmesinde has-da ýaýbaňlandy. Çünki deňiz serhedimizi goraýan deňizçi serhetçiler üçin bu şanly waka boldy. Aýdym-sazly çäräniň dowamynda geçirilen maslahatda Watan goragçylary öz ýürek buýsançlaryny, hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 52
  • 15.08.2019