MAKALA

Watan waspy

Watan her bir ynsanyň mukaddes ojagydyr. Her bir halkyň duýgy-düşünjesiniň öz Watanynyň tebigatyna, dem alýan howasyna baglydygy ikuçsuzdyr. Şonuň üçinem doglup, önüp-ösen ýeriň hem ynsan häsiýetine täsir edýändigi mälimdir. Öz köküni gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky hem asly şu toprakda millet bolup döräp, ösüp-örňäp kemala gelendir. Ine, şu Watan we onuň gymmatlygy hakynda bolsa, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda, halk döredijiliginde, edebiýatymyzda beýik-beýik şahsyýetler — döwlet işgärleri, akyldarlar, serkerdeler, şahyrlar tarapyndan ençeme parasatly pikirler miras galdyrylypdyr. Olaryň her biri «Watan» atly mizemez mukaddeslige baha berende ondan ýokarda başga hiç hili beýikligiň ýokdugyny nygtapdyr.

Şeýle pikirleriň birinde: «Türkmenler beýleki milletleriň arasynda Watan söýgüsini iň ýokary derejä göteren milletdir. Çünki olaryň häsiýetinde we damarynda gan däl-de, öz ýurduna, topragyna, Watan suwuna bolan duýgular akýandyr» diýip bellenilýär. Bizi erkana ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat, ine, şu Watana bolan söýgimizdir. Watan söýgüsi bizi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmagymyza iterýär. Çünki biziň süňňümizde bu Watanyň, bu topragyň ülüşleri bar. Biz bu Watan bilen bir göwre.

Maşgalanyň daýanjy ojak bolsa, milletiň daýanjy Watandyr. Eger Watany bolmadyk bolsa, onda adamyň ömrüniňem manysy bolmazdy. Watan adamy ýekesiremekden, ýalňyzlykdan hem ýadyrgamadan halas edýär. Eger-de Watanyň beýikligine, onuň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna goşant goşup bilseň, onda seniň ömrüň dowamat dowam bolýar. Watan adamy arkaly hem buýsançly edýär. Watan — biziň ruhlarymyzy birleşdirýän daýanç nokady.

Adamyň bir jany, birem Watany bar. Şu iki gymmatlygyň — Watan bilen janyň öwezini tutýan zat ýok. Emma bu ikisiniň özara gatnaşygynda-da ýene Watan ileridir. Çünki jan diňe özüňkidir, Watan bolsa hem özüňki, hem hemmämiziňkidir. Şonuň üçinem türkmenler bu ikisiniň birinden geçmeli bolsa, hemişe, ilki bilen, diňe janlaryny orta goýupdyrlar.

Türkmen halk nakyllarynda «Ýurdum asuda — ilim abat, ilim abat — başym dynç» diýlen bir pelsepe bar. Hakykatdan-da, ýurt asudalygy Watanyň ösüşlerine, adamlaryň asuda ýaşaýşyna giň mümkinçilik döredýär. Özüniň mertligi, tutanýerliligi, gaýduwsyzlygy bilen dünýä akyldarlaryny, danyşmentlerini haýran eden türkmen halky şeýle edermenligi diňe bir ýazlary ýaraşykly, güýzleri gelşikli, tomuslary saýaly, gyşlary gar-ýagmyrly türkmen tebigatyndan alýarmyka?! Ol gürrüňsiz şeýledir.

Bu Watanyň keremli daglary merdanalygyň hem gaýduwsyzlygyň, bereketli ýumşak topragy sahawatlylygyň hem göwnaçyklygyň, daşgyn derýalary gaýratlylygyň hem jomartlygyň, sähraýy çölleri ruhubelentligiň hem geçirimliligiň, tereň kölleri çuňňur akylyň hem ýiti paýhasyň özeni bolup, bu Watanyň ogullaryna siňýärler.

Atalarymyzyň agraslygy, enelerimiziň mähremligi siňen bu Watana gulluk etmek nesillerimiz üçin beýik borçdur, mertebedir, ömre barabar bagtdyr! Sebäbi bu Watanda biziň hemme gymmatlyklarymyz jemlenýär — Watan — biziň öýümiz, ene-atamyz, uýalarymyz, doganlarymyz, çagalarymyz, ezizlerimiz, ýaşaýşymyz, aýdymlarymyz, ähli barlygymyz...

 

Halmuhammet HAJYÝEW.

 

  • 29
  • 16.08.2019