MAKALA

«Liwerpul» UEFA-nyň Superkubogyny gazanmagy başardy

UEFA-nyň resmi saýdynyň habar bermegine görä, UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky bäsdeşlikde oýnuň jemleýji tapgyrynda, ýagny 11 metr aralykdan penalty urgusynda   «Liwerpul» «Çelsini» ýeňmegi başardy.

Duşuşyk Stambuldaky täze «Bodafon Arena» diýen ýerde geçdi. Oýnuň barşynda «Çelsi» toparynyň oýunçysy fransuz hüjümçisi Oliwe Žiru gol salmak bilen, ilkinji bolup hasaby açdy. «Liwerpul» toparynyň oýunçysy Sadio Mane oýnuň 48-nji minudynda tapawutlanmak bilen, UEFA-nyň Superkubok ugryndaky futbol bäsdeşliginde ilkinji goluny salmagy başardy. Oýnuň esasy berlen wagty 1:1 ýagdaýda deňme-deň tamamlandy. Goşmaça berlen wagtda Sadio Mane çalasynlyk bilen ikinji pökgüsini garşydaşyň derwezesine salmagy başardy. Emma muňa jogap edip «Çelsi» toparynyň oýunçysy Žorže Frello penalty urgusynda garşydaşynyň derwezesine pökgüni girizdi. Oýundan soňky penalty urgulary 5:4 ýagdaýynda «Liwerpul» toparynyň hasabyna tamamlandy.

«Liwerpul» dördünji gezek kubogy eýelemek bilen, bu görkeziji boýunça «Realyň» yzyndan ýetmegiň hötdesinden geldi. UEFA-nyň Superkubogyny bary-ýogy 24 futbol topary gazanmagy başarypdy. Şunuň bilen bilelikde «Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Ýurgen Klopp özüniň tälimçilik kärinde 800-nji oýnuny geçirdi. Ondan başga-da ol UEFA-nyň Superkubogyny gazanan ilkinji nemes tälimçisi boldy.

UEFA-nyň Superkubok ugrundaky ýaryşynda ilkinji gezek 35 ýaşly fransuz Stefani Frappar atly zenan emin boldy. FIFA-nyň halkara eminleriniň sanawyna ol mundan on ýyl ozal giripdi, 2011-nji ýyldan başlap Fransiýanyň ýönekeý diwizýonlarynyň oýunlarynda işledi, şu ýylyň aprel aýynda bolsa Liga-da ilkinji gezek emin boldy.

  • 28
  • 16.08.2019