MAKALA

SB-1 Defiant we V-280 Valor özüniň mümkinçiliklerini görkezer

ABŞ-yň harby ulgamynda «Gara gyrgy» ady bilen dikuçarlaryň ýerini tutar ýaly, hut guşlar kimin dik ýokary galmagy başarýan samolýotlaryň täze neslini döretmek göz öňünde tutulýar. Olaryň iň gowy nusgalaryndan ikisi häzirki wagtda synagdan geçirilýär we 2019-njy ýyla meýilleşdirilen bu uçarlaryň ençeme üstünliklere eýe boljakdyklary barada aýdylýar. Ilkinji gezek uzak aralyga uçurylmak bilen synagdan geçiriljek uçuş “SB-1 Defiant” dikuçaryňky bolmagyna garaşylýar. Hasaplamaklaryna görä bu dikuçar tas sagatda 290 mil geçmäge ukyplydyr.

Şol bir wagtyň özünde Bell Helicopterleri “V-280 Valor-yň” rotorynyň eplenen görnüşiniň teklibini orta atmak bilen, uçaryň ençeme artykmaçlyklara eýe boljakdygyny hem-de türgenleşiklerde amatlylyklara  eýe boljakdygyna ynandyrýar.  Ol göni uçuşda sagatda 120-den gowrak mil tizlik bilen hereket edip, howada saklanma tertibinde özüniň ussatlygyny görkezip biler. Eger Bell Helicopters ýaryşda ýeňse, goşun tarapyndan edilen ilkinji sargyt harby taryhda tend-rotorlaryň iň uly satylyşy bolmagy mümkin.

  • 25
  • 16.08.2019