MAKALA

Paraşýut nähili döredi

Haçan-da paraşýut hakynda pikir eden wagtyňyz siz ony derrew uçar bilen baglanyşdyrýansyňyz. Ýöne biz paraşýut uçarda ulanmak üçin oýlanylyp tapylmandy diýsek näme diýerdiňiz? Ýüz ýyl mundan ozal doganlar Raýt (Wright Brothers) Lui-Sebasten Lenorman paraşýudy oýlap tapdylar we 1783-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Luis Lenorman binanyň üstünden paraşýutly üstünlikli bökmegi başardy.

Aslynda olar paraşýudy belent ymaratlarda ýangyn bolan ýagdaýlarynda böküp gutulmak maksady bilen döredipdirler. Ýöne näme üçindir paraşýut ýörgünli bolmandyr. Ilkinji paraşýutly böküşden 10 ýyl geçenden soňra 1793-nji ýylda diňe adatdan daşary ýagdaýda bir gezek Žan-Pýer Blanşar tarapyndan paraşýut ulanylypdyr. Haçan-da howa şary ýarylan mahalynda Žan-Pýer paraşýut ulanmak bilen öz ömrüni halas edipdir.

  • 19
  • 18.08.2019