MAKALA

Sanly ykdysadyýete degişli adalgalar

Machine Learning (ML) tehnologiýasy — emeli aňyň usullarynyň bir synpy bolup, esasy aýratynlygy berlin meseläniň çözülişini gözlemän, öňki gözlegleriň netijesinde meňzeş meseleleri çözmegiň usulyny ulanmak bolup durýar.

Robot tehnikasy — awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň işlenilip düzülmegi bilen meşgullanýan we senagatyň ösüşiniň tehniki esasy hasaplanýan ylymdyr.

Bulut tehnologiýalary — sanly maglumatlary ýerleşdirmek we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen bolup, serwer resurslaryny (iş güýji, uly möçberde maglumatlary ýatda saklamak) müşderilere onlaýnhyzmat görnüşinde hödürleýär.

Ümür hasaplamalary — bulut tehnologiýalarynyň, maglumatlary saklamagyň, hasaplamagyň we torlaýyn arabaglanyşygyň hyzmatlaryny giňeltmek üçin niýetlenendir.

Wirtual hakykat — tehniki serişdeleriň kömegi bilen döredilen dünýä bolup, duýuş agzalarynyň üsti bilen adama ýetirilýär. Wirtual hakykatyň adam üçin tebigy görünmegi üçin daşky gurşawy generirlemegiň ähli hasaplary real wagtda ýerine ýetirilýär.

Goşulan hakykat (augmented reality) gurşaw bolup, real wagtda daşymyzy gurşaýan fiziki dünýämizi goşmaça wirtual (sanly) obýektler bilen doldurylýar. Mysal hökmünde «Google Glass»-i getirip bileris.

3D çap etme — bu sanly modelden fiziki obýektleri döretmäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýa bolup, additiw önümçilik prosesini aňladýar.

Kiberhüjüm — maglumatlary ýatda saklamak, gizlin maglumatlary ulanyjylaryň arasynda geçirmek üçin niýetlenen enjamlara we gadžetlere zyýan ýetirmek.

Elektron hökümet — raýatlara, telekeçilere, döwlet gullukçylaryna maglumatlary bermegiň we öňden bar bolan hökümetiň hyzmatlaryny amala aşyrmagyň usuly. «Elektron hökümet» adaty hökümetiň ýerini tutman, ol maglumat-kommunikasion serişdeleri giňişleýin ulanmak arkaly döwletiň hyzmatlarynyň has netijeli amala aşyrylmagyny üpjün edýän döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky özara baglanyşygyň täze usulydyr.

Maglumat howpsuzlygy — bu maglumatlar ulgamy resurslaryna ygtyýarnamasyz ulanmak, dolandyrmak, paş etmek, nusgalamak, many-mazmun taýdan düzümini üýtgetmek, ýazgy etmek ýa-da ýok etmek maksatly zeper ýetiriji täsirleriň toplumyna garşy goranyş we öňüni alyş çäreleriniň toplumydyr.

Kiberhowpsuzlyk — internet tor ulgamlarynda döreýän howplaryň öňüni alyş, gorag-howpsuzlyk ulgamlar toplumy.

Haker hüjümleri — kompýuter ulgamlarynyň gowşak ýerlerini ulanmak arkaly amala aşyrylýan kiberhüjümler.

Ulgam administrator — kompýuter tehnikasynyň, torlaryň we programma üpjünçilikleriniň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän işgär. Köp ýagdaýlarda ulgam administratorynyň jogapkärçiligine kärhananyň howpsuzlygyny üpjün etmeklik hem degişli edilýär.

 

Aziz Agaýew,

«Türkmen dünýäsi».

  • 31
  • 18.08.2019