MAKALA

«Türkmenistan» topary baş baýragyň eýesi

Şu aýyň 7 — 11-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Hazarýaka döwletlerinden on iki ýaşly çagalaryň gatnaşmaklarynda futbol boýunça «Kaspi kubogyny» almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Giň meýdançada geçirilen ýaryşa Azerbaýjan Respublikasyndan «Neftçi», Russiýa Federasiýasynyň Galmygystan Respublikasyndan «Lotos» hem-de Astrahan şäherinden «Wolgar», Gazagystan Respublikasyndan «Kurmangazy» toparlary gatnaşyp, özara bäsleşdiler. «Türkmenistan» toparyna tejribeli tälimçi Eziz Annamuhammedow ýolbaşçylyk etdi.

— «Türkmenistan» topary ilki bilen Gazagystan Respublikasynyň «Kurmangazy» topary bilen ýaryşyp, deňe-deň netije gazandy. Merkezi Aziýanyň iň güýçli toparlaryndan biri hasaplanylýan Azerbaýjan Respublikasynyň «Neftçi» toparyndan bolsa bir utuk tapawut bilen ýeňşe eýe boldy. Bu biziň ilkinji gezek halkara derejesinde gatnaşan bäsleşigimiz bolandygyna garamazdan, gazanan üstünligimiz diýseň buýsandyryjy boldy — diýip, toparyň ýolbaşçysy aýdýar. Toparyň çep ýarym goragçysy Jemşit Mädeminow özüniň ezberligi bilen ýaryşyň iň ökde oýunçysy hasaplanyldy.

Toparyň agzalary sport we bedenterbiýe ulgamynda ägirt uly işleri alyp barýan, ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeginde uly tagallalar edýän, halkara ýaryşlarda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ýaryşyň ýeňijisi «Türkmenistan» toparyna baş baýrak — «Kaspi kubogy», toparyň agzalaryna bolsa altyn medallar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýjemal GURBANOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

  • 24
  • 18.08.2019