MAKALA

Enäniň keşbi

(hekaýa)

Akgyz daň atan badyna oýandy-da, penjiräni açyp, baharyň hoştap howasyndan dem aldy. Penjiräniň daş ýüzünde burk urýan güllerdir miweli we saýaly baglaryň ygşyldysy onuň göwnüni göterse, guşlaryň jürküldeşip, özara düşünişmesi, asmandaky lemmerlemmer bulutlaryň emaý bilen süýşmesi, adaja öwüsýän şemalyň ösümlikleri herekete getirişi Akgyza täsin keýpiçaglyk berdi. Ol agtyjagynyň üstüni ýapdy-da, ýüz görülýän aýnanyň öňündäki oturgyja geçdi. Çal sepen saçlaryny, gözleriniň töweregindäki owunjak ýygyrtlaryny, gün-günden çöňňelip barýan gözlerini gamgyn synlap oturan Akgyz nädip ýaşlyk ýyllary hakyndaky pikirleriň ummanyna gark bolanyny hem duýman galdy.

... Ol döwletli maşgalanyň ýalňyz gyz perzendidi. Özünden uly alty agasynyň, özünden kiçi bir oglan jigisiniň arasynda ulalan Akgyza kakasy — Döwletmyrat aga «Akpamygym» diýip ýüzlenerdi. Dünýä inen gününden beýläk ejesidir kakasynyň, enesidir agalarynyň we ýakynlarynyň mähri bilen gurşalan Akgyz ýaşajyk gyzjagaz döwründede özüni uly adamlar ýaly alyp barardy. Onuň şeýle bolmagynda enesiniň tagallasy uludy. Hemişe enesiniň ýanyndan aýrylmaýan gyzjagaz bir ýere gitse-de, onuň gyňajynyň çowundan tutup, yzyndan galmazdy. Enesi hem ony: «Ýalňyz gyzym ýanymda, orny jiger-janymda» diýip söýerdi. Akgyzyň kakasy Döwletmyrat aga ene-atasynyň ýalňyz ogludy. Şonuň üçin bu öýde çaga dünýä inse ýedi günläp, hatar-hatar gazan atarylyp, dowar bary soýlup, nogul-nabat seçilip, toý tutulýardy. Akgyzyň enesi mydama sallançak üwrände: «Balalarym köpelsin, rysgallary köl bolsun, ösüp-örňäp, ulalsyn, san-sajagy kän bolsun!» diýip, hüwdi gatyşykly dileg ederdi. Enesiniň aýdan her sözüni sypdyrman «aň depderine» ýazyp oturan Akgyz bolsa gurşunly kenek ýaly berdaşly, sözleridir hereketleri diýseň menikli gyz bolup ýetişip barýardy. Akgyz hemişe mal-garalardyr öý-içeriniň, biş-düşdür beýleki ownuk-uşak alada gümra bolup ýören ejesine okuwdan boş wagtlary ýardam ederdi. Emma giçlik, ýatmaly wagt bolan badyna ýene enesiniň gapdaljygyndan düşek ýazynardy. Enesi bolsa on dört ýaşan agtygynyň saçlaryny emaý bilen sypalap, körpeje çagany söýen ýaly edip, ony ezizlärdi: «Akgyzym —Akpamygym, mertebäm hem abraýym. Gül dökülsin eliňden, bal dökülsin diliňden!». Akgyz bu sözleri eşidip çalaja gyzarardy-da, enesiniň gujagyna gysmyljyrap, uka giderdi.

Şeýdip ýyllar bir-birine sepleşip geçip durdy. Agalarynyň öýli-işikli bolmagy bilen, Akgyzlaryň öýünde ýene-de täze nesiller köpelipdi. Orta mekdebi tamamlan Akgyza sawçylyga gelýänleriňem yzy üzülenokdy. Döwletmyrat agadyr aýaly bolsa sawçylaryň göwnüni ýykman: «Gyzy kyrk kişi dilär, iň soňunda nesibelisi alar» diýlipdir. Oýlanyşyp, maslahatlaşyp göreliň. Hany, entek enesi bir bäri baksyn, onsoň jogabymyzy aýdaýarys» diýip, gelenleri sypaýyçylyk bilen ýola salardylar. Akgyz bolsa esli wagt bäri ýarawsyz ýatan enesiniň daşynda kökenekdi.

«Döwletiň Döwletmyrat aganyňky ýaly bolsady» diýdirýän maşgalanyň içinden Aýjemal ejäniň ak guş ýaly bolup uçup gitmegi tutuş maşgalany, goňşy-golamlary esasan hem, Akgyzy perişan etdi. Ýaşy ýüze golaýlanam bolsa Aýjemal ejäniň aradan çykmagy Akgyzy ýeriň üstünde ýeke galana dönderipdi. Bu aýralygy hiç boýun alasy gelmeýän gyz birnäçe aý geçse-de, öýe sygmady, köşeşip bilmedi. Ejesidir kakasy, ýeňňeleridir agalary näçe töwella etselerem, gyzyň çaý-nahar bilen seri bolmady. Şeýdip aradan ýene bir ýyl geçdi. Ýyl sadakasy berlen gününiň agşamsy Aýjemal ejäni düýşünde gören Akgyz säher bilen ejesine gören düýşüni birin-birin aýdyp berdi. Ejesi onuň alnyndan sypady-da:

— Balam, eneň pahyr saňa ak pata hökmünde ak ýaglyk berip, gözleň ýaşyny syrypdyr. Bu bolsa onuň ak ýol hem ak bagt dileg edip, indiden beýläk saňa gözýaş dökmeli däldigini aýtdygydyr. Nesip bolsa, ýeňňeleriň tiz wagtdan ýol kesmän gatnap ýören sawçylaryň saňa mynasybynyň sözüni alarlar — diýip, Akgyzyň düýşüniň ýorgudyny aýdyp berdi. Ol şol wakadan soň hemişe ejizlemezlige çalyşdy. Ejesine toýa gyssanmaly däldigini aýdyp, lukman bolmak üçin okuwa gidesi gelýändigi hakyndaky habary ýetirdi. Ýalňyz gyzynyň haýyşyny uly höwes bilen goldan ejesidir Döwletmyrat aga-da gyzynyň islegini berjaý etmegiň ugruna çykdylar...

Ýüz görülýän ullakan aýnanyň öňünde oturyp şunça ýatlamany serinde aýlap oturan Akgyz gyzy Aýjemalyň sesine ukudan oýanan ýaly boldy. Enesiniň adyny dakyp, apalap ösdüren gyzyny Akgyz aýratyn gowy görerdi. Aýjemal gapydan gelşine gujagyny gerip ejesini gujaklady-da:

— Käbäm ejem, gutlap bilersiň! Men synaglardan üstünlikli geçdim. Seniň yzyňy ýöretjek gyzyň lukman bolar — diýip, ejesiniň ýaňaklaryndan öpüp, ony bagryna basdy. Begenjinden ýaňa gözlerine dolan şatlyk gözýaşlaryny saklap bilmedik Akgyz:

— Tüweleme, gutlaýan balam! Bar, ýakynlaryňa bu habary buşla! Goý, olaram bu gün biziň toý şatlygymyzy paýlaşsynlar! — diýip, dessine çaý-naharyň ugruna çykdy.

Akgyz ýap-ýaňyja agaran saçlaryna, ýüzüne düşen gasynlara hamsygan bolsa, häzir wagtyň özüne beren has uly serpaýy bolan maşgala ojagyndaky bagtyna, perzentlerine, döwletine, kesbi-kärine çäksiz guwandy. Soňra bolsa täzeden ýüz görülýän aýna seretdi-de, hyýalynda enesi Aýjemal eje bilen söhbetdeş boldy:

— Ine, eziz enem jan! Bu gün men özümde seniň beren öwütleriň esasynda gazananlarymy görýärin. Sen maňa diňe yhlasyňy, enelik söýgi-mähriňi däl, öz keşbiňi hem bagyş eden ekeniň! — diýip, enesini ýatlady. Kän salym geçmänem, Akgyzlaryň giň howlusy dogan-garyndaşlardan doldy. Akgyz bolsa ogullarydyr gelinlerini, agtyklarydyr ýakynlaryny daşyna jemläp, toý tutdy.

 

Dürnabat Aşyrowa.

  • 35
  • 18.08.2019