MAKALA

Wenera – söýginiň planetasy

Wenera – bu Gün ulgamynyň planetasy bolup, ol Günden uzaklygy boýunça 2-nji orunda ýerleşýändir. Bu planeta beýle adyň dakylmagy gadymy Rimde söýginiň hudaýy hasaplanylan zenanyň ady bilen birmeňzeşdiginiň hatyrasynadyr.

Umumy häsiýetleri

Häzirki wagtda Wenera has täsin, adaty däl we geň planeta hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, ony kämahallar «Ýere meňzeş» ýa-da «Ýeriň uýasy» diýip atlandyrýarlar. Onuň üstünde düýbünden ýaşaýyş ýokdur we hiç haçan ol ýere adam gadam basyp bilmez diýip pikir edýärler. Ýer bilen Weneranyň meňzeşligi olaryň göwrümlerinde we biri-birine beýleki planetalara garanda ýakyn ýerleşmegindedir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, gün ulgamynda Weneradan soň biziň Ýer şarymyz ýerleşýär.

Ýerden Wenera planetasyna çenli aralyk 38-den 261 million kilometr derejesinde kesgitlenilýär we şol bir wagtyň özünde Weneranyň Günden uzaklygy 108 million kilometre deňdir. Adamzadyň Wenerada ýaşap bilmeýänliginiň esasy sebäbi hem ýaşaýyş üçin oňaýsyz atmosferanyň bolmagydyr. Weneranyň atmosferasy kömürturşy gazlaryndan durýar we planetanyň ähli ýeri kükürt kislotaly bulutlar bilen örtülendir.

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 20
  • 20.08.2019