MAKALA

«Altyn Asyryň» AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň birinji duşuşygyna günorta koreýaly eminler topary eminlik ederler

FIFA-nyň emini Kim Daýangyň ýolbaşçylygyndaky günorta koreýaly eminler topary ýurdumyzyň çempiony «Altyn Asyryň» AFK-nyň Kubogy 2019-yň sebitleýin ýarym finalyndaky birinji duşuşygynda eminlik ederler.

Futbolçylarymyzyň myhmançylykda Wýetnamyň «Hanoý» topary bilen geçirjek duşuşygynda Kim Daýangyň kömekçileri hökmünde ildeşleri Park Sangjun bilen Ýun Kwangýol çykyş ederler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Kim Woosung (Günorta Koreýa) ýerine ýetirer.  

Bu duşuşygyň gözegçi emini Awni Abdel Karim Said Hassuneh (Iordaniýa), duşuşygyň komissary malaýziýaly Jeýsing Gnana Kannu Muthiah bolar.

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Altyn Asyr» topary AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarym finalynda Wýetnamyň «Hanoý» topary bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 20-nji awgustda Wýetnamda, jogap oýny bolsa 27-nji awgustda Aşgabatda geçiriler.

  • 29
  • 20.08.2019