MAKALA

Sürüjüsiz tiz kömek

Köçedäki köp sanly transport hereketleri sebäpli hereket tiz hereket etmekde päsgelçilik çekýän tiz kömek ulagynyň tizligi bilen deňeşdireniňde bellenen ýere sürüjüsiz dron çalt barýar. Dron ähli gerek bolan serişdeler bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar medisina enjamlary, kamera we dinamikadyr.  Olaryň käbirlerinde hatda defibrillýator (ýürek urgusy duran ýagdaýynda ulanylýan enjam) hem bardyr. Her bir enjama aýratyn lukman jogap berýär. Dron tiz kömegi bellenen ýere baranyndan soňra onlaýyn ýagdaýda hassa bilen belli bir aralykdan dronuň üsti bilen lukmanlaryň maslahaty amala aşyrylýar. Bu ugur boýunça hünärmenler ilkinji barlagyň netijesini belleýärler we entek lukmanlaryň topary gelip ýetmänkä daş-töweregindäki adamlara olaryň hassa nähili ýagdaýda kömek berip biljekdigi barada görkezme berýär. Eger ejir çekýäniň ýüregi duran bolsa, adamyň ömrüni halas etmek üçin drondaky bar bolan onlaýyn gepleşik arkaly lukman defibrillýatory nähili ulanmalydygyny salgy berip başlaýar.

Internet maglumatlary esasynda terjime edildi.

  • 24
  • 20.08.2019