MAKALA

Tomus barada

Bilermenleriň maglumatlaryna görä, Hazar deňziniň türkmen kenary iň arassa hem suwa düşmek möwsümi uzak dowam edýän bölek hasaplanýar. Şoňa görä, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar oktýabryň ortalaryna çenli deňziň melhem suwuna düşüp bilýärler.

***

Zeminiň iň yssy ýeri ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky çöllük ýerdir. Bu ýerde howanyň gyzgynlygy köplenç 57 derejeden geçýär.

***

Ynsan bedeni üçin howanyň maýyllyk derejesi bilen birlikde, onuň çyglylyk derejesiniň hem uly ähmiýeti bardyr. Sebäbi howanyň çygly mahaly bedenimizde ýylylyk bölünip çykarylyşy haýallaýar. Şonuň netijesinde hem 90 göterim çyglylykda 30 dereje yssyny 40 dereje yssy ýaly kabul edýäris.

***

Haçan-da howa aşa gyzanda biziň bedenimiz öz ulgamlaryny dessine sowatmaga girişýär. Has güýçlendirilen dem alyş, gan damarlarynyň giňelmegi, der bölüp çykaryş ýaly wezipeler hut şu maksada gönükdirilendir.

***

Adam bedeni gurak howada 71 dereje gyzgynlyga 1 sagat, 82 dereje gyzgynlyga 49 minut, 93 dereje gyzgynlyga 33 minut, 104 dereje gyzgynlyga 26 minut çydap bilýär. Nazary taýdan ynsan bedeniniň iň aňrybaş çydap biljek gyzgynlyk derejesi 116 hasaplanýar.

***a

Adam bedeninde, takmynan, 2 million deri mäzleri bar. Olaryň aglaba bölegi ellerimiziň aýasynda ýerleşýär. Ýeri gelende bellesek, 1 litr der bölünip çykmagy üçin 540 kilokaloriýa sarp edilýär.

***

1816-njy ýylda Günbatar Ýewropada we Demirgazyk Amerikada iň sowuk tomus möwsümi bolup geçipdir. Şonuň üçin hem iýun aýynda-da derýalaryň doňunyň çözülmedik we heniz garlaryň eremedik bu ýyly adamzat geçmişiniň tomussyz ýyly hökmünde taryha giripdir.

***

Howanyň gyzgynlygy 40 derejä ýetende adam bedeni 1 sagadyň dowamynda, takmynan, 1 litre golaý der bölüp çykarýar.

***

Suwuklyk adam bedeniniň hemişelik temperaturasyny saklamagynda birinji orny eýeleýär. Şonuň üçin hem lukmanlar saglygymyzy saklamak üçin howanyň ýylylyk derejesi 20-den ýokary geçende günüň dowamynda azyndan 1,5 litr, 25-den geçende 2 litr, 30-dan geçende bolsa 3 litr suwuklygy kabul etmekligi maslahat berýärler.

***

Ençeme gyzgyn ganly haýwanlarda deri mäzleri bolmaýar. Şonuň üçin hem olar dem alşyň hasabyna salkynlaýarlar.

***

Tomusda Fransiýanyň meşhur Eýfel diňi 15-16 santimetr «ösýär». Sebäbi aşa gyzgynlykda ähli metallar ýaly demir hem biraz giňeýär.

***

Diýetologlaryň bellemegine görä, gyş paslyna garanyňda tomusda fiziki hereket arkaly horlanmak has aňsat düşýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

  • 17
  • 21.08.2019