MAKALA

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşlere badalga

Rowaçlygyň ak ýoluna düşen Türkmenistan bu gün halkara derejesinde kuwwatly we durnukly ösýän ýurt hökmünde özüni tanatdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belent sepgitlerine ýetdi. Islendik ýurduň ösüşi onuň bilim we ylym ulgamynyň ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitleriň, ösüşiň, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen gazanylýandygyny, onuň bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidigini belleýär.

Türkmenistanyň innowasion ösüş ýoly ähli pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary ussatlygy we ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ösdürilmegini, ýagny ýokary taýýarlykly we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan erkin peýdalanyp, işde ulanyp bilýän hünärmenleriň bolmagyny talap edýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak babatynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň «Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda, elektron bilim ulgamyny ösdürmek we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi giňişleýin alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamy talyp ýaşlarymyzyň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda innowasiýa maglumat merkezini hem-de bilim portalyny döretmek boýunça işler giň gerim bilen alnyp barylýar. Şeýle hem bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek boýunça işler ýola goýulýar. Ýokary okuw mekdeplerinde sapaklary kompýuter arkaly gurnamak, taýýarlanylan maglumatlary elektron göterijilerde saklamak, ulanmak we ýaýratmak boýunça işler durmuşa ornaşdyryldy. Dersleriň ählisi boýunça elektron okuw usuly toplumlary, elektron kitaplary, gollanmalary, wideo we audio materiallary hem-de beýleki okuw görkezme esbaplary kämilleşdirilýär.

Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy gymmatly wagty tygşytlamaga, islendik ýerden ýokary tehnologiýalardan (ykjam telefon, kompýuter we ş.m.) peýdalanyp, uzak aralykdan mugallym bilen talybyň özara baglanyşykda üznüksiz bolmagyna, gerekli maglumaty elektron görnüşde almaga, çat we web sapaklaryny, web-­forumlary we telekonferensiýalary gurnamaklyk bilen mugallymlaryň, talyplaryň we daşary ýurt bilermenleriniň özara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we tejribelerini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Bularyň ählisi talyp ýaşlarymyzyň okamaga höwesini artdyryp, ýumuşlary özbaşdak özleşdirmeklerine, goşmaça maglumatlary toplap, ylmy-diplom we ýyllyk işleriniň baýlaşmagyna hyzmat edýär, hünärmenleri gaýtadan taýýarlamaklykda hem özüniň oňyn netijelerini görkezýär.

Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň aladasy bilen ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sowatly, terbiýeli, ýürekleri hyjuwly, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek we rowaçlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

                                                                                                           

 Aknabat DÖWLETOWA,

 Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

  • 36
  • 21.08.2019