MAKALA

Watan goragçysy bolmak beýik buýsançdyr

Taryha ser salanymyzda, goşunyň ähli döwürlerde hem zerurlyk derejesinde orta çykandygyna anyk göz ýetirýäris. Her döwürde-de goşunyň ähmiýetli bolşy ýaly, her bir türkmen maşgalasynda dünýä inen ogul perzendiniň orny, terbiýesi hem başgaça bolupdyr. Munuň şeýledigine türkmenleriň gahrymançylykly «Kitaby dädem Gorkut» eposyny okanyňda-da aýdyň göz ýetirip bolýar. Onda ata-babalarymyzyň ogul dünýä inip, bir uly batyrlyk ýa-da akyl-paýhas işini bitirmese, oňa at dakmandyklary baradaky maglumatlara gabat gelýäris. Diýmek, türkmen milleti ogul perzendiniň terbiýesine uly üns bermek bilen, onuň edep-ekramyna, başarjaňlygyna, has hem watansöýüjilik garaýyşlarynyň kämilleşmegine jogapkärçilikli çemeleşipdir.

Türkmen ojagynda ogul dünýä inse, «Bir ýumrugymyz artdy», «Oguldyr döwletiň başy...» diýen ýaly buýsançly aýtgylary aýtsalar, ýene bir tarapdan, ogly bolan maşgalanyň märekä baranynda ak öýde, ak keçäniň üstünde oturdylmagynyň hem aýratyn manysy bar. Sebäbi Watan üçin, halk üçin dogumly, mert, gaýduwsyz ýigitler gerek. Gör, terbiýäniň düýp manysy nirelerden gelip çykýar?! Gorkut atanyň «Nadan ogluň dogandan dogmadygy ýeg» diýen sözleri gulagyňda ýaňlanyp dur. Çünki ogul perzendi Watan goragçysy, ýurt eýesi, namys goragçysy bolmalydyr.

Wa­tan — iň gym­mat­ly dü­şün­je­le­riň bi­ri. Sen — Wa­ta­nyň eziz per­zen­di­siň, sen — şu Wa­ta­nyň ho­wa­syn­dan dem alyp, şu topragyň datly ir-iýmişlerinden dadyp kemala gelensiň. Bu Watanyň topragy bolsa, hiç bir zat bilen çalşylmaýan gymmatly mukaddeslikdir. Bu topraga atalarymyzyň keramaty, enelerimiziň yhlasy siňendir. Watan goragçysynyň egnindäki harby lybasy bolsa, ýönekeý bir geýim bolman, ol her bir harby gullukça ullakan bir jogapkärçiligi, uly bir borjy ýatladyp durandyr. Çünki oňa ata Watanyň keşbi siňendir. Seniň başyňda göterip ýören başgabyň maňlaýynda mukaddes nyşanlaryň beýany öz mynasyp mazmunyny tapyp durandyr. Eýsem, bu seniň ata Watanyňy başyňda göterdigiň dälmidir?! Seni eýerlengi at ýaly görkezýän bilguşagyňdaky nyşanly ýasyja demirjikde ýerleşen mukaddeslikleri synladyňmy?! Ondaky Aý hem-de ýyldyzlar, şeýle-de zeýtun baldajygynyň şekilleri türkmen topragynyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýar.

Watan goragçysy bolmak, elbetde, jogapkärçilikli, hem mukaddes borçdur. Sen özüň hakyky watançydygyňy, Watanyň, halkyň öňünde subut etmelisiň. Öz öňüňde watansöýüjilikli, belent maksat goýmak, bular hakyky Watan goragçysyna ýaraşýan häsiýetlerdir. Bular Watan goragçysynyň esasy durmuş maksady bolmalydyr. Çünki şu beýik maksatlar seni hakyky Watan goragçysy edip ýetişdirer.

 

Bagtygül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy

  • 29
  • 21.08.2019