MAKALA

Ylym äleminiň şöhlezar ýyldyzy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Türk­men hal­ky­nyň ençe­me alym­la­ry, şa­hyr­la­ry uzak asyr­la­ryň do­wa­mynda öz köp­ta­rap­ly yl­my we aja­ýyp çe­per eser­le­ri bi­len türk­me­niň ady­ny şöh­rat­lan­dyrdy­lar. Olar yl­my we çe­per döre­di­ji­li­gi bi­len dün­ýä me­de­niýe­ti­niň ösü­şi­ne ön­jeý­li go­şant goş­dy» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri bi­ze uzak asyr­la­ryň ta­ry­hy gat­la­ryn­da yl­myň, me­de­ni­ýetiň ös­me­gi üçin uly iş­le­ri alyp ba­ran şah­sy­ýet­le­riň yl­my-dö­redi­ji­li­gi ha­kyn­da söh­bet aç­ma­ga ýar­dam ed­ýär

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Da­şo­guz top­ra­gy özün­de ýa­şap ge­çen Nej­med­din Kub­ra, Za­mah­şa­ry, Abu Aly ibn Si­na ýa­ly en­çe­me şah­sy­ýet­le­riň at­la­ry bi­len bü­tin dün­ýä­de şöh­rat­la­nan ga­dy­my top­rak­dyr. Ol şah­sy­ýet­le­riň iň gör­nük­li­le­ri­niň bi­ri-de be­ýik alym, ma­te­ma­tik, al­geb­ra­nyň esa­sy­ny go­ýan, ana­li­tik geogra­fi­ýa­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy Muham­met al-Ho­rez­mi­dir.

Arap halk­la­ryn­da Al-Horez­mi, Ýew­ro­pa­da Al­go­rit­mus ady bi­len meş­hur bo­lan be­ýik ma­te­ma­tik, ast­ro­no­mi­ýa, lukman­çy­lyk, geog­ra­fi­ýa-geo­dezi­ýa, ta­ryh yl­my­na uly go­şant go­şan Mu­ham­met ibn Mu­sa al-Ho­rez­mi mä­lim bo­lan maglu­mat­la­ra gö­rä 780-nji ýyl­da Kö­neür­genç top­ra­gyn­da dün­ýä in­ýär. Be­ýik alym bü­tin öm­rü­ni ylym-bi­li­me bag­lap­dyr. Ol ýaşly­gyn­dan baş­lap öz döw­rün­de bar bo­lan ylym­la­ryň hem­me­si bi­len deň de­re­je­de gy­zyk­lanyp­dyr.

IX asyr­da Merw Or­ta Aziýa­da, şeý­le hem tu­tuş Gün­dogar­da me­de­ni­ýet ojak­la­ry­nyň iň meş­hur mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr. Ho­ra­sa­nyň paý­tag­ty Merw­de şol dö­wür­ler he­mi­şe arap ha­ly­fa­ty­nyň we­ki­li oturýar eken. Ho­ra­sa­nyň ha­ly­fatdan bö­lü­nip aý­ryl­ma­gy­nyň öň ýa­nyn­da ha­lyf Ha­run Raşy­dyň og­ly Ma­mun ibn Ry­şat Mer­we we­kil bo­lup ge­lip­dir. Ol bu ýer­de iş­län ma­ha­lyn­da öz tö­we­re­gi­ne be­ýik alymla­ry ýyg­nap baş­lap­dyr. Şol alym­la­ryň bi­ri-de be­ýik mate­ma­tik Mu­ham­met ibn Mu­sa al-Ho­rez­mi bo­lup­dyr. Öz yl­my ga­ra­ýyş­la­ry bi­len ady meş­hur bo­lup ug­ran Ho­rez­mi me­de­ni ojak­ly, baý ta­ryh­ly Mer­wiň ki­tap­ha­na­la­ryn­dan, ob­ser­wato­ri­ýa­syn­dan ýe­ter­lik de­re­jede peý­da­la­nyp­dyr. Merw­de dün­ýä meş­hur alym­la­ryň okap bi­lim al­ma­gy, ýa­şa­ma­gy onuň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň ös­me­gi­ne, öz­ger­me­gi­ne düýp­li tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir.

Ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lunyň ug­run­da ýer­le­şen Merw şol za­man­lar bir­nä­çe halk­lar bi­len me­de­ni we yk­dy­sa­dy gat­na­şygy sak­lap­dyr. Bu gat­na­şyk­lar Mer­we Eý­ran, Hin­dis­tan, Hytaý, Gre­si­ýa ýa­ly ýurt­lar­dan dür­li ugur­la­ra de­giş­li ki­tap­laryň gel­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Şol dö­wür­de Ha­run Ra­şyt «Paý­has öýü­ni» dö­re­dipdir. «Paý­has öýü­niň» we­zi­pe­si ki­tap­la­ry ter­ji­me et­mek, ola­ry aýaw­ly sak­la­mak, ede­bi-mede­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bo­lup­dyr. Ma­mu­nyň ha­lyflyk eden döw­rün­de «Paý­has öýü­ne» Ho­rez­mi ýol­baş­çy­lyk edip­dir. Ne­ti­je­de, Aris­to­tel, Ge­ro­dot, Pla­ton, Ar­hi­med, Gip­parh, Gip­pok­rat, Ga­len, Pto­lo­meý ýa­ly dün­ýä­de meşhur­lyk ga­za­nan we gym­mat­ly eser­le­ri bi­len özü­ni ta­na­dan ýu­nan alym­la­ry­dyr akyl­dar­lary­nyň en­çe­me­si­niň iş­le­ri arap di­li­ne ter­ji­me edi­lip­dir. Be­ýik alym ol ýer­de iş­län ma­ha­ly öz eser­le­ri­niň kö­pü­si­ni bu öz­boluş­ly ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň baý­da­gy as­tyn­da dö­re­dip­dir.

Mu­ham­met Mu­sa al-Horez­mi­niň 818-nji ýyl­da özü­niň ýa­kyn egin­deş­le­ri — ast­ronom­lar, ma­te­ma­tik­ler bi­len bi­le­lik­de şol döw­rüň wa­jyp me­se­le­si bo­lan Ýer to­ga­la­gynyň ulu­ly­gy­ny ýe­ter­lik ta­kyklyk­da kes­git­län­dik­le­ri aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr.

Be­ýik aly­myň ady­ny asyr­lardan-asyr­la­ra ge­çirip, bi­ziň günle­ri­mi­ze çen­li ýe­ti­ren, esa­san, üç ese­ri­dir. Şol eser­ler akyl­daryň IX asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­mynda­ky iň be­ýik alym hök­mün­de yk­rar edil­me­gi­ne esas dö­re­dipdir. «Hin­di ha­sa­by ha­kyn­da», «Al­geb­rawe al­mu­ka­ba­la ha­sapla­ma­la­ry ba­ra­da gys­ga­ça ki­tap» we «Tri­go­no­met­rik tab­li­sa­lar» at­ly ol iş­ler ma­te­ma­ti­ka ylmy­na düýp­li tä­ze­lik­ler gi­ri­zen eser­ler ha­sap­la­nyp­dyr. Alym özü­niň nä­me üçin ast­ro­no­mi­ýa hem-de ma­te­ma­ti­ka ylym­la­ryna köp üns be­ren­di­gi ha­kyn­da şeý­le ýaz­gy­la­ry gal­dy­ryp­dyr: «Men arif­me­ti­ka­nyň ýö­ne­keý hem çyl­şy­rym­ly so­wal­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan, al­geb­ra­ny hem al­mu­ka­ba­ly ha­sap­la­ýan ki­çi­räk ki­ta­by ýaz­dym. Çün­ki bu ki­tap mi­ras paý­la­şy­lan­da, ka­zy­ýet iş­le­rin­de, söw­da­da we dür­li yla­la­şyk­lar­da, şeý­le hem ýer­ler öl­çe­ni­len­de, ýap­lar ga­zy­lan­da, ama­ly gur­lu­şyk geo­met­ri­ýasyn­da we şu­lar ýa­ly dür­li iş­ler­de adam­la­ra kö­mek bo­lar».

Bu­lar­dan baş­ga-da, be­ýik aly­myň «Al­geb­ra bi­len ha­sap­la­ma hem gar­şy dur­ma hak­da ki­tap», «Ast­ro­no­mi­ki tab­li­sa» (zij), «Hin­di ha­sa­by», «Ast­rol­ýa­biýa­ny gur­mak ba­ra­da­ky ki­tap», «Ast­rol­ýa­bi­ýa­nyň kö­me­gi bilen tä­sir­ler ba­ra­da­ky ki­tap», «Ýe­riň su­ra­ty ha­kyn­da ki­tap», «Gün sa­ga­dy ba­ra­da­ky ki­tap», «Ta­ryh ki­ta­by», «Saz ki­ta­by» ýa­ly uly göw­rüm­li eser­le­ri dünýä yl­my­nyň ös­me­gin­de ägirt uly çeş­me bo­lup hyz­mat edipdir. Me­se­lem, aly­myň «Ýe­riň su­ra­ty ha­kyn­da ki­tap» at­ly ese­rin­de 537 sa­ny mö­hüm ýer at­la­ry, 209 sa­ny da­gyň geogra­fik be­ýa­ny ber­lip­dir. Der­ýala­ryň, de­ňiz­le­riň, um­man­la­ryň şe­kil­le­ri, olar­da­ky ada­lar hakyn­da mö­hüm mag­lu­mat­lar gör­ke­zi­lip­dir. Be­ýik alym bu eser­le­ri bi­len IX asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da arap ha­lyfly­gy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ýurt­lar­da, XII asy­ryň baş­la­ryn­dan soň bolsa, Ýew­ro­pa­nyň alym­la­ry­nyň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr.

Be­ýik alym ast­ro­no­mi­ýa yl­my­nyň us­sa­dy hök­münde hem ta­ry­ha gi­rip­dir. Ol tä Ulug­be­giň za­ma­na­sy­na çen­li ast­ro­no­mi­ýa­ny bir­nä­çe asyr öňün­den stan­dart­laş­dy­ryp­dyr. Şun­luk­da, 829-njy ýyl­da be­ýik aly­myň özü­niň gat­naş­ma­gyn­da uly ob­ser­wa­to­ri­ýa açy­lyp­dyr.

Mu­ham­met ibn Mu­sa al-Ho­rez­mi­niň ylym äle­min­de bi­ti­ren ägirt uly iş­le­ri­ne ser sa­la­nyň­da özün­den öň ýa­şan alym­la­ryň go­ýup gi­den ägirt uly tej­ri­be­si­ni öz­leş­dir­mek hem-de za­ma­na­sy­nyň ga­zanan­la­ry­ny jaý­dar peý­da­lan­mak ar­ka­ly yl­myň gel­jek­ki röw­şen ýo­lu­ny ýag­ty­lan­dy­ran­dy­gy­na aý­dyň göz ýe­tir­mek bol­ýar. Bu iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ber­ka­rar eden şu aja­ýyp ylym-bi­lim eý­ýa­myn­da has-da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

As­man­da nur saç­ýan ýyl­dyzyň Ze­mi­niň äh­li ýe­ri­ni öz nu­ry bi­len gur­şaý­şy ýa­ly, al-Ho­rezmi­niň mi­ras go­ýan yl­my hem asyr­la­ryň aňyr­syn­dan ýal­kym sa­çyp, ylym äle­mi­ne şöh­le sa­çyp dur. Mu­nuň özi düýp­li açyş­la­ry özün­de jem­le­ýän ylmyň as­man ýyl­dyz­la­ry my­sa­ly ba­ky­ly­ga eýe­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bagty­ýar­lyk döw­rün­de Or­taAzi­ýanyň dür­dä­ne­si gö­zel Aş­ga­ba­dyň «Yl­ham» se­ýil­gä­hin­de be­ýik şah­sy­ýet­le­riň heý­kel­le­ri­niň hata­ryn­da Mu­ham­met ibn Mu­sa al-Ho­rez­mi­niň heý­ke­li hem se­leň­läp otyr. Mu­nuň özi mil­li mi­ra­sy­my­zyň ho­wan­da­ry Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik söz us­sat­la­ry­na, dün­ýä yl­my­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant go­şan beýik şah­sy­ýet­le­re goý­ýan bi­möçber sar­pa­sy­nyň ny­şa­ny­dyr.

Azat GY­LY­JOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň

Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň

uly yl­my iş­gä­ri.

 

  • 36
  • 21.08.2019