MAKALA

Rex atly ekzosklet

Täze Zelandiýaly iki sany oýlap tapyjy Riçard Littl we Robert Irwing maýyplara özbaşdak hereket eder ýaly ekzosklet işläp taýýarladylar. Rex atly bu enjamyň iki aýagy bolup, olaryň agramy 38 kg deňdir. Olar uly bolmadyk elektro hereketlendirijisiniň we batareýanyň hasabyna  hereket edýärler. Rex ekzoskleti özüne berkidilen džoýstiginiň we onuň tutawajyndaky panel dolandyryjysynyň kömegi bilen dolandyrylýar. Bu enjamy döredijileriň aýtmagyna görä, şeýle ekzoskletiň kömegi bilen adam durup, tekiz ýerde, kese ýerlerde ýöräp, şeýle hem öwrülip, basgançaklardan aşak düşüp we ýokary çykyp biler. Ekzoskletiň bahasy häzirlikçe 150 müň dollara barabardyr.

  • 29
  • 21.08.2019