MAKALA

Sagdynlygyň goragçysy

Bagtly menziller, ykballara ganat beren wysallar çagalygyň kir-kimirsiz, Asman ýaly arassa arzuwlaryndan başlanýar diýýärler. Bu aýdylanlar heniz ýaşdygyna seretmezden, serhetçi lukmanlaryň arasynda özüniň hünärine ökdeligi, ynanylan wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýänligi bilen tapawutlanyp, her pursadyny alkyşlara beslemegi başarýan harby lukman Toýly Jumaýew babatynda hem şeýle bolmaly. Halypa lukmanlaryňdyr mugallymlarynyň tejribelerini öwrenip, hassalarynyň mylakatlylyk bilen arzyhalyny diňleýän ýigit lukman hökmünde ak pata berlende dost-doganlyk araçäklerimizde gulluk edýän merdana serhetçilerimiziň saglygyny goraýan serhetçi lukman boljakdygyny pert aýtdy. Öz uçurymlarynyň dogry ýoly saýlandygyna tüýs ýürekden buýsanan halypalary ýurt asudalygynyň, Watanyň başlanýan ýeriniň kasama wepaly goragçylary bolan serhetçileriň saglygynyň sakasynda ykjam durjakdygyna uly ynam bildirmek bilen ak ýol arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda hirurg lukman hökmünde gullugyna girişen lukman «Hassa lukmanyň üstüne däl-de, lukman hassanyň üstüne barmaly» diýen pikire gulluk edişine döwletimiziň serhedini gije-gündiz gözleriniň göreji deý goraýan esgerleriň saglygy üçin serhet galalaryna irginsiz aýlanyp, degişli işleri geçirýär. Serhet ýakasynyň ajaýyp tebigatynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda görkezilen otlaryň köp görnüşiniň bitginlidigine buýsanýan lukman şol otlary öz tejribesinde ýerlikli ulanmagy başarýar. Käteler haýsydyr bir serhet galasyna tarap barýan ulagy saklaýşyna: «Ine, meniň gözleýän dermanlyk ösümligim. Ol pylan derde has peýdaly» diýip, şol otdan geregini alyp, soňra ýoluny dowam etmegi ýaş lukmanyň bu kitaby içgin öwrenendiginden habar berýär.

Hemişe serhetçileriň saglygy üçin yzygiderli gözlegde bolup, öz tejribesinidir bilimini artdyrmaga çalyşýan ýaş şägirdiniň geljegine harby lukman Ýazmyrat Saparow hem uly ynam bildirýändigini buýsançly belleýär. Hassany dermandan öňürti hoş sözüdir mylakatlylygy bilen gowulaşdyrmaga synanyşýan Toýly Jumaýew bolsa serhetçi lukmanlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, edilýän tagallalar üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzy tüýs ýürekden alkyşlaýar. Lukman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi, lukmançylykda uly gollanma bolup durýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň ýurt goragçylarymyzyň saglygyny goramakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny belleýän ýaş lukman ilatly nokatlardan has uzaklarda ýerleşýän haýsydyr bir serhet galasyna «ýagşylyk melegi» kimin ýetişmäge howlugýar...

Aknur Rozyýewa.

 

  • 31
  • 23.08.2019