MAKALA

Dünýäň çar künjüne ýaýran türkmenim

Taryhy maglumatlara nazar aýlanymyzda, türkmenleriň köpsanlysynyň Ho­ra­san­dan Ki­çi Azi­ýa ýaý­ra­ma­gy­nyň tapgyrlaýyn häsiýete eýe bolandygyny görüp bol­ýar. Tu­ruw­baş­dan, türk­men­le­riň Ki­çi Aziýa tarap göçmeginiň Seljuk Türkmen döwletiniň döremegi bilen baglanyşyklydygyny bel­le­me­li­di­ris. 1040-njy ýyl­da Daň­da­na­kan söweşi netijesinde soltan Togrul beg we Çag­ry beg Me­sut Gaz­na­ly­dan rüs­tem çy­kyp, Seljuk Türkmen döwletini esaslandyrýarlar. Seljuklaryň täze ýerleri öz döwletine birikdir­me­gi bi­len, sol­tan Mä­lik­şa­nyň hä­kim­lik eden wagty ýurt günbatarda Ortaýer we Mer­mer deň­zi­ne, gün­do­gar­da Kaş­ga­ra, demirgazykda Kawkaz daglaryna we Aral hem Ga­ra deň­zi­ne, gü­nor­ta­da bolsa, Pars aýlagyna we Siriýa çöllerine çenli giňäp, beýik imperiýa derejesine ýetýär.

1048-nji ýyl­da ýur­duň tä­sir ediş güýjüni giňeltmek maksady bilen, Togrul begiň agasynyň ogly Ybraýym Ýynal Ruma çozuş edýär. Rumlylardan we abhazlardan bolan elli müň goşunyň garşy durmagyna garamazdan, türkmenler sö­weş­de üs­tün çy­kyp, Ma­laz­gir­di, Erzurumy, Kalygalany, Trabzony eýeleýärler. Bu ýörişde köpsanly oljadan baş­ga-da sel­juk­lar Ab­haz pa­ty­şa­sy Kari­ti ýe­sir alyp­dyr­lar. Ab­haz pa­ty­şa­sy özüniň boşadylmagy üçin üç ýüz müň dinar bilen ýüz müň sany gymmatbaha sowgat hödürlese-de, onuň bu teklibi kabul edilmändir.

441-nji hij­ri ýy­lyn­da (1049 — 1050 ýý.) Togrul beg öz goşuny bilen Ybraýym Ýynala garşy çykyp, gazaply söweşde ýeňiş gazanýar. Diýarbekirde soltan Togrul begiň adyna hutba okalýar. Soltan Rum patyşasyna hat ýollap, özara ylalaşyk baglaşýar. Ol hiç hi­li tö­leg al­mazdan, Ab­haz pa­ty­şa­sy Ka­ri­ti ýesirlikden boşadýar.

1071-nji ýylda Wizantiýa hökümdary seljuklara garşy ýöriş edýär. Bu habar soltan Alp Ars­la­na Gen­je şä­he­rin­de ýet­ýär. Bu wa­ka Ibn Esiriň «Kämil taryh» atly kitabynda şeýle be­ýan edil­ýär: «Sol­tan es­ger­le­ri­ne: «Men Allanyň razyçylygy üçin sabyr bilen söweşjek, eger sag gal­sam, bu Al­la­nyň keremidir. Eger şe­hit bol­sam, og­lum Mä­lik­şa şa­za­da­dyr» diý­di we duşmanyň üstüne ýöriş etdi». Şeýlelikde, sol­tan Alp Ars­lan özü­niň iň bir aja­ýyp ýeňşini gazanmagy başarypdyr. Bu söweşde Wi­zan­ti­ýa hö­küm­da­ry ýe­sir düş­ýär we Alp Ars­la­nyň re­him­dar­ly­gy bi­len ýur­du­na ug­radylýar. Soltanyň bu uly ýeňişli ýörişinden soň, sel­juk-türk­men­le­ri­niň Ana­do­ly se­bit­le­rine ikin­ji uly gö­çi ama­la aşy­ry­lyp­dyr. Alym Gur­ban­gül Gu­zy­çy­ýe­wa «Mäh­ri Ha­tyn» at­ly mo­nog­ra­fi­ýa­syn­da türk­men­le­riň Ki­çi Azi­ýa aralaşmagy bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlary berýär: «Osmanly döwründe Ana­do­la ge­len türk­men­ler «türk­men» adynyň gapdaly bilen «ýürük» ýa-da «ýörük» ýaly umumy at bilen hem tanalypdyrlar. Bu döwürde türkmenler (ýürükler) dolandyryş guramalaryny döredipdirler».

­Türkmenleriň Ana­do­ly se­bit­le­ri­ne ara­laş­ma­gy­nyň üçünji uly tapgyry bolýar. Bu göç, esasan, mon­gol­la­ryň Mer­ke­zi Azi­ýa­ny ba­syp almagy we ýerli ilaty gyrgynçylyga sezewar et­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu Mer­ke­zi Azi­ýa­dan Ana­do­ly se­bit­le­ri­ne ama­la aşy­ry­lan iň uly göçdür. Basybalyjylaryň talaňçylygy barada orta asyr taryhçysy Ibn Esir özüniň «Kämil taryh» atly eserinde şeýle belläp geç­ýär: «Ma­ňa dost­la­rym bu ta­ry­hy waka­la­ry ýaz­maz­ly­gy mas­la­hat berdi­ler. Men razylaşdym, emma soňra ýazmazlykdan hiç hili nepiň ýokdugyna göz ýetirdim. Bu hadysalar musulman äleminiň başyndan inen uly mu­sal­lat­dy. Men öm­rü­miň ga­lan bö­le­gi­ni şunuň ýaly betbagtçylygyň musulmanlaryň ba­şyn­dan in­mez­ligi­ni Al­la­dan di­läp ge­çirdim...». Ýeri gelende, mongol basybalyjylarynyň sütemi zerarly türkmenleriň Kiçi Azi­ýa gö­çüş tol­ku­ny­nyň tas kyrk ýy­la ýa­kyn dowam edendigini bellemelidiris. Şunlukda, türk­men­ler Ki­çi Azi­ýa­nyň äh­li se­bit­le­ri­ne ýaýrap, şol ýerlerde mesgen tutupdyrlar.

1400-nji ýyl­da Teý­mir­leň (1336 — 1405 ýý.) tu­tuş Ki­çi Azi­ýa­ny we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry basyp almak maksady bilen Beýazit-I garşy sö­we­şe baş­la­ýar. Ol Si­was, Ha­lap (Alep­po) ýa­ly şä­her­le­ri eýe­län­soň, 1402-nji ýyl­da An­ka­ra­nyň go­la­ýyn­da sol­tan Be­ýa­zit-I bilen ikinji gezek aýgytly söweş edýär. Ýeri ge­len­de, 1402-nji ýyl­da bo­lan bu sö­we­şiň adamzat taryhyndaky iň gazaply çaknyşyklaryň biridigini bellemek zerurdyr. Bu söweş hereketlerine her tarapdan iki ýüz müňden gowrak söweşiji gatnaşypdyr. Bu çaknyşykda Beýazit-I goşuny derbi-dagyn edilip, özi bolsa ýesir düşüpdir.

Teý­mir­le­ňiň An­ka­ra­nyň ete­gin­de ga­za­nan ýeň­şi uly pi­da­la­ry ge­ti­ren hem bol­sa, XV asyr Osmanly Türkmen döwletiniň gülläp ösüşi başdan geçiren döwri hasaplanýar. Döwleti dikeltmekde amala aşyrylan birnäçe ykdysady reformalar, ruhy we medeni galkynma syýasy bitewüligi gazanmaklyga şertleri döredipdir. Türki dil diňe bir halkyň gepleşik dili bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de döwlet dili diýlip yglan edilipdir. Hökümdaryň permanlary, döwlet edaralarynyň hemme resminamalary türki dilde ýa­zy­lyp­dyr. Eý­ýäm XV asy­ryň bi­rin­ji çärýe­gin­de Ki­çi Azi­ýa­nyň med­re­se­le­ri­niň ählisinde diýen ýaly okuw türki dilde alnyp barlypdyr. Dil reformasy netijesinde türki dilli edebiýatda uly ösüş gazanylypdyr. Şeýle ru­hy we me­de­ni ösüş sol­tan Çe­le­bi Mehme­diň og­ly sol­tan My­rat-II hä­kim­lik eden döwrüne degişlidir. Türki dilde eser ýazma­gyň der­wa­ýys­dy­gy­ny Mus­ta­fa Muid­din sol­tan My­rat-II ba­gyş­lap ýa­zan «Mes­ne­we-ýi Mu­ra­di­ýe» at­ly ese­rin­de şeý­le be­ýan ed­ýär: Biz-de türki dil bile şerh eýledik, Kowmumyza dilleriýle sözledik... Sol­tan Çe­le­bi Meh­me­diň og­ly My­rat-II 1421-nji ýyl­da ka­ka­sy­nyň ara­dan çyk­ma­gy bilen, Bursa şäherine getirilip, tagta oturdyl­ýar. Ka­ka­sy sol­tan Çe­le­bi Meh­me­diň sol­tan­lyk eden wag­tyn­da My­rat-II Amas­ýa welaýatynda häkim bolupdyr.

«Türkler» atly türk taryhy ensiklopediýasynda gabat gelýän: «...Täze göçüp gelen mä­hel­le ma­li­ýe ta­rap­dan My­rat-II eje­si Nur Banunyň Üsküdarda saldyran metjidiniň hojalygyna degişlidir. Şu sebäpden-de resmi kagyzlarda olara «Üsküdar türkmeni» hem diýlipdir. Bu mähelle bir tarapdan Dulkadyrlylara, beýleki tarapdan bolsa Halap türkmenlerine degişli bolan iki şahadan emele gelipdir. Halap türkmenlerine degişli bolan şaha öňden bäri «Ýaban äri» (Sähra äri — A.W.) diýlipdir, dulkadyrly şahasy, esasan, ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Ýaban äriň köpüsi begdili taýpalaryndan gelip çykypdyr diýlip hasaplanýar. Ozaldan ýaban äri begdiliden, baýatdan, awşardan, baýandyrdan, hanbendeliden, garagoýunlydan emele gelipdir» diýen maglumatdan çen tu­ta­nyň­da, sol­tan My­rat-II eje­si­niň as­ly­nyň türkmendigi hakynda aýtmak bolar. Onuň kakasynyň ady Çelebi bolup, ol «halaply» diýmekligi aňladýar. Ozaldan hem türkmenleriň gür oturymly ýeri bolan Halabyň 1070-nji ýyl­da sol­tan Alp Ars­lan ta­ra­pyndan eýelenmegi bilen bu şäheriň sebitdäki ähmiýetini nazarda tutup, dürli ýerlerden köpsanly seljuk türkmenleriniň Halaba we onuň töweregine göçüp barmagy, ony türkmenleriň gür oturymly ýerine öwrüpdir. Şeýle­lik­de, bu ýag­daý Çe­le­bi Meh­me­diň hem aslynyň türkmenlerden bolandygy baradaky çaklamany orta atmaklyga esas berýär.

Sol­tan­lyk tag­ty­na çy­kan My­rat-II ýa­ňy 17-18 ýaşyndadygyna garamazdan, juda tutanýerli we akylly-başly syýasat alyp barandygyny bellemegimiz zerur. Ol Osmanly türkmenleriň içki we daşky duşmanlary bilen barlyşyksyz söweş alyp barypdyr. Daşar­ky duş­man­la­ra gar­şy hem sol­tan My­rat-II juda üstünlikli syýasaty we harby hereketleri amala aşyrypdyr. Osmanly türkmen beglikle­ri­niň çäk­le­ri My­rat-II hä­kim­lik eden döwründe görlüp-eşidilmedik ýagdaýda giňäpdir.

Şol döw­rüň ta­ryh­çy­la­ry My­rat-II hak­da: «Urşy ýigrenen, parahatçylykda we rahatlykda ýaşamagy söýen bir şahsyýetdi» diýen ýaly mag­lu­mat­la­ry go­ýup­dyr­lar. My­rat-II hal­kyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmakda birnäçe ykdysady reformalary amala aşyrypdyr. Ol ozalky ýaşap geçen hökümdarlaryň göreldeli däplerine eýerip, soltanlyk edip başlan döwründen tä hökümdarlygynyň ahyrky günlerine çenli halk bilen ýygy aragatnaşykda bo­lup­dyr. My­rat-II Di­wa­ny-Hu­ma­ýun­da kabul edişlik gurapdyr, dawaly meseleleri seljeripdir, goşun esgerleriniň hal-ahwalyna seredipdir. Şeýle-de, ol wagtal-wagtal il içinde bolup, raýatlarynyň durmuşy bilen içgin gy­zyk­la­nyp­dyr. Sol­tan My­rat-II da­şa­ry ýurtly ilçileriň we myhmanlaryň öňünde ýaýdan ok atyp, öz mergenligini görkezipdir (Onuň ok atyşy «Hünärnama» atly miniatýurada şe­kil­len­di­ri­lip­dir). Sol­tan My­rat-II do­la­nyşyk pula özüniň gaýy taýpasynyň möhürini basdyrmagy onuň aslynyň oguz türkmenlerindendigini aýtmaga esas berýär. Onuň Ga­ýy­han-Oguz bo­ýu­nyň şe­je­re da­rag­ty­na girizen düzedişi tutuş ülkäniň medeniýetiniň millileşmegine tarap ugur alandygyny aňladýan ýagdaýdyr.

Osmanly türkmen döwleti gurlandan soň, sol­tan Or­han Ga­zy­nyň res­mi dil hökmünde türki dili saýlap almagy hem-de ýurduň türkilige we oguzçylyga tarap ýönelmegi hakynda taryhy maglumatlar sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Mil­li­li­ge bo­lan ýö­ne­lişde türkmenleriň juda uly paýy bolupdyr. Ga­zy uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Sa­lym Ho­ja özüniň «Türkileriň göçleri we ýaýramagy» atly makalasynda: «...Seljuklaryň ýerini alan anadolyly türkmen begliklerinde giň gerimde türkilige tarap öwrüliş başlanypdyr. Türkilige tarap öwrülişik milli medeniýetiň çeşmesi bolan milli edebiýatyň döremeginde we ösmeginde möhüm orun eýeledi. Hakykatdan-da, anadolyly türkmen begleri daş-töweregine toplan terjimeçilerine we alymlaryna parsçadan we arapçadan türkiçä terjime etdirişleri ýaly, türki dilde hem eserleri ýazdyrypdyrlar» diýip belläp geçýär.

My­rat-II hä­kim­lik eden döw­ri di­ňe bir medeniýetiň millileşmegi bilen çäklenmän, türki dilli edebiýatyň ösmegine we ýaýramagyna hem uly mümkinçilikler döräpdir. Bu döwürde ululy-kiçili ýüzlerçe eseriň türki dile terjime edilendigi hem-de türki dilde ençeme şygyr we kyssa eserleriniň ýazylan­dy­gy bel­li­dir. My­rat-II döw­rüň aňy­ýe­ti­ni türkileşdirmäge, millileşdirmäge çagyrmagynyň esasy sebäbi, hökümdar ýaňy güýje gelip başlan Osmanly Türkmen döwletiniň hataryna girýän dürli türki taýpalarda milli duýgyny oýandyrmak arkaly halky birleşdirmek, jebisleşdirmek isläpdir.

Gör­şü­miz ýa­ly, Or­ta asyr­lar­da Ki­çi Aziýanyň jemgyýetçilik-syýasy we edebi durmuşynda türkmenleriň täsiri örän uly bolupdyr. Bu bolsa taryhyň ähli döwürlerinde-de halkymyzyň ynsanperwerlige, millilige, ene dilimize, edebi we medeni gymmatlyklarymyza sarpaly seredendiginden habar berýär.

 

Akmaral Weliýewa,

 «Türkmen dili» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

  • 35
  • 23.08.2019