MAKALA

Hytaýyň polisiýa işgärleri «akylly» äýnekleri ulanýarlar

Hytaýyň Henan welaýatynyň Çžençžou şäheriniň demirýol wokzalynda polisiýa işgärleri adamyň ýüzüni tanamaga ukyply bolan «akylly» äýnekleri ulanmaklygyň bir aýlyk jemini jemlediler. Bu äýnekler Google Glass äýneklerini ýatladýar, emma olar ýerli LL Vision şereketi tarapyndan taýýarlanandyr.

Ilkibaşda bu äýnekleriň GLXSS görnüşleri lukmanlar we hat gatnadyjylar üçin niýetlenipdir. Äýnegiň kömegi bilen surata düşürmek, wideo ýazgy edip we ony dürli maglumatlar bilen doldurylan tehnologiýanyň kömegi esasynda linzanyň ýüzünde görmek bolýar.

Emma polisiýa işgärleri üçin bu äýnegiň esasy gerek bolan wezipeleriniň biri barlag işlerini geçirip, şeýle hem resminamalary deňeşdirip we onuň adamyň ýüzüni tanap bilmegidir. Maglumat äýnekden ýörite android programmasynda işleýän smartfona meňzeş enjama geçirilýär. Umuman aýdylanda şeýle äýnegiň kömegi bilen bir aýyň dowamynda 26 sany ýasama resminamaly we 7 sany gözlenilýän adamlar tussag edildi.

  • 36
  • 23.08.2019