MAKALA

Sumerler hakda söhbet

Türkmen halkynyň uzak geçmişiň jümmüşine uzaýan baý taryhy ýoly bar. Şol ýoluň dowamynda gadymy pederlerimiz çarwaçylygy hem, çomruçylygy hem başyndan geçirdiler, ýöne nähili bolanda-da millet hökmünde elmydama öz hormatyny we mertebesini saklap, dünýä halklarynyň taryhynda orun alan döwletleriň ençemesini döretdiler. Ykbalyň agyr synaglaryna garamazdan, dilini, edebini, däbini we dessurlaryny ýitirmediler. Halkymyzyň şol mahallarky taryhy, medeniýeti küňreli galalaryň harabalarynda, gum depelerine öwrülen gorganlarda saklanyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Syrly geçmişiň müňde bir wakalaryndan habar berýän ýadygärliklerde pederlerimiziň buýsançly hem-de gowgaly taryhy jemlenendir.

Aslynda, soňky bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda toplanan arheologiýa, etnogenetika, antropologiýa, lingwistika maglumatlary iň gadymy ynsanyň Aziýa yklymynda dörändigini görkezýär.

Türkmenistanyň taryhyny açyp görkezýän iň gadymy we antik çeşmelerde Aziýa yklymynyň sähralarynda, bol suwly derýalaryň boýlarynda, kemerli dag jülgelerinde ýaşan kabylalaryň atlary berilýär. Biziň pikirimizçe, gadymyýetiň senenamaçylary ol kabylalaryň hemmesiniň sanawyny getirmändir. Ýitip gidenlerini (aýdaly «aky-obre») nireden gözlejek?! Gadymy Wedalar, Rigwide, Awesta ýaly kitaplar hem olaryň sanawyny doly berip bilmeýär. Gerodot, Ksenofont, Fukdid, Ktesiý Kingli ýaly antik senenamaçylar, geografiýaçy Strabon, ýunan ýazyjysy Plutarh, Pliniý kiçi, Flawiý Arriýan, Isidor Harakiskiý öz eserlerinde dürli sanawlary getirýärler. Ine, olar: ary, hett, kimmeriý, sak (iskit), sarmat, massaget, arameý, hionit, dah (daý, dänha), girkan, eftaly, sogdiýan, margiýan, parfiýan (parn), horezmli.

Günorta Türkmenistanyň çäklerinde — Köpetdagyň dag eteginde bulardan has öňräk ýazuwsyz eýýamda ýaşan jeýtunly, änewli, namazgaly, altyndepeli, göksüýrüli kabylalar bilen bir hatarda, sumerler hem ýaşapdyrlar. Elbetde, biz kabylalaryň atlaryny öz ýaşan obalaryna, häzirki toponimiýa laýyklykda atlandyrdyk. Biziň bu aýratynlygy bellemegimiziň sebäbi, ýazuwsyz döwürde ýokardaky agzalan gadymy obalarda oturan kabylalaryň atlary ylymda nämälim bolmagynda galýar.

Mundan müňlerçe ýyl ozal Köpetdag bilen Garagumuň aralygyndaky oazisde ýaşan, türkmenleriň etnogenezinde yz galdyran sumerler hem oturymly kabylalaryň biri bolmagynda galýar. Ykbalyň emri bilen öz topragyny taşlap, Mesopotamiýany (Tigr we Ýewfrat derýalarynyň aralygy — B.A.) täze ýurt tutunan sumerler hem türkmenleriň müňlerçe arkasynyň biridir. Bu taryhy welaýat Yrak Respublikasynyň günortasynda ýerleşip, gadymy dünýäniň taryhynda döredilen ajaýyp siwilizasiýadyr. Ol arap-pars we türk dilindäki çeşmelerde «sumer», «sümer», roman-german we slawýan dillerindäki edebiýatlarda bolsa «şumer» diýlip alynýar. Biz bu ýazgymyzda özümize ýakyn «sumer» adyny ulanmakçy.

Aslynda, Sumer siwilizasiýasy Günbatar medeniýetiniň «buşlukçysy» saýylýar. Türki dillerde Sumer etnosynyň ady suw hem ýer (suwer) sözleriniň birikmeginden emele gelen diýlip hasaplanýar. Mysal üçin, gadymy runa ýazgysynda: «Türk iduk ýerisuby» («Keramatly türk ýersuwy») diýlip teswirleme berilýär. Gazak ýazyjysy O.Süleýmenow meşhur «Aziýa» kitabynda: «Orta asyrlarda türk-oguz kabylalarynyň arasynda sawyrlar ýatlanylýar, «Sumer», «Sumber», «Suber» sözleri bolsa, altaý we mongol halklarynyň arasynda şu wagta çenli olaryň mifiki ata Watany hökmünde kesgitlenilýär» diýip teswirleýär. Sibiri öwrenji alymlaryň ýazyşy ýaly, Sibir toponimi hem sumer bilen baglanyşyklydyr. Orta asyrlarda agzalan etrap Ibir-Şibir ady bilen çeşmelere giripdir. Belli taryhçy Öwez Gündogdyýewiň işlerinde bolsa, Sumbar derýasy sumerler bilen utgaşdyrylýar.

Sumer siwilizasiýasynyň Günorta Türkmenistanyň Änew, Namazga we Göksüýri medeniýetleriniňki bilen meňzeş bolmagy sumerşynaslygyň taryhyndaky ilkinji açarlaryň biridir. Bu meňzeşlik eneolit döwründen (b.e. öňki V müňýyllygyň ahyryndan) gaýdyp, irki bürünç zamany (b.e. öňki IV müňýyllygyň ortasy — III müňýyllygyň ahyry) bilen senelenýär. Alymlaryň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran derňewleri sumerleriň medeniýetiniň, sungatynyň yzlarynyň türki halklarynyňky bilen biziň döwrümizde hem gabat gelýändigini görkezdi.

Bäşim Annagurbanow,

arheolog.

  • 26
  • 26.08.2019