MAKALA

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni

«Älem Gün bilen ýagtylýar, adamzat bilim bilen nurlanýar». Juda parasatly jümle, şeýle dälmi?! Deňeşdirmeleriň çeperligine söz ýok. Nakylyň mazmuny hem edil şolar ýaly. Juda gözel. Şeýle dana sözi döreden millet, elbetde, bilimiň gymmatyna aňryýany bilen düşünendir. Günüň ynsanyýet, hatda tutuş janly-jandarlar, tebigat üçin ähmiýeti özüňe belli. Islendik ýaşaýyş hadysasynyň amala aşmagy üçin ilkinji nobatda energiýanyň zerurdygyny bilmek üçin alym bolmak hökman däl. Gün bolsa tükenmeýän energiýa çeşmesi. Ýaşaýyş we toprak hadysalarynyň esasy kuwwat çeşmesi bolup Gün energiýasy hyzmat edýär. Bu pähimde hem bilimiň ynsanyýet üçin edil Gün ýaly zerurdygy aňladylýar.

Danalaryň ýene biri: «Bilim maksat däl-de, guraldyr» diýip belleýär. Bu-da juda jaýdar aýdylan pikir. Hakykatdan-da bilim — ynsanlaryň bagtyýar durmuşynyň açary. Şu jähetden, ýurdumyzda bilim ulgamyny, şol sanda akademiki, ýokary, hünärmen tehniki we orta bilim mekdeplerini düýpli özgertmek boýunça maksatnamanyň yglan edilmegi tötänden däldir. Ilki bilen bellemeli zat, bu syýasat milli Liderimiziň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak ugrundaky aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Güýçli ykdysadyýete eýe bolmak üçin ýokary bilimli işçi güýjüniň ilkinji nobatdaky zerurlykdygyny ösen döwletleriň tejribesi juda aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amal edýän parasatly syýasaty hem halkymyzyň aň-bilim mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Döwlet syýasatynyň esasy maksady ilaty ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Bu maksady durmuşa geçirmegiň ilkinji şerti bolsa — kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmek. Ýene bir nygtamaly zat, bilim ulgamy ilkinji nobatda ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr. Nesillerimiziň ykbalynyň biziň tagallalarymyza baglydygyna, Watanymyzyň geljeginiň bolsa şu günüň nesilleriniň elindedigine düşünip, baş ugruň kesgitlenilmegidir. Milli Liderimiziň sözleri bilen beýan edenimizde, geljekki nesil hakyndaky alada — munuň özi ertirki güne iň bir ynamly, akylly-başly we asylly maýa goýumydyr. Şonuň üçin-de kämil pikirli, sagdyn bedenli ýaş nesli ýetişdirmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak üçin döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmek Türkmen döwletiniň her günki aladasyna öwrüldi. Şol aladalaryň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekden ybaratdyr.

Aslynda, gysga döwür içinde milli bilim ulgamyny özgertmek boýunça ägirt uly işler geçirildem. Mysal üçin, ýurdumyzda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan täze, iň häzirki zaman okuw-terbiýeçilik edaralarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Bilim edaralarynda okatmagyň düýbünden başgaça usullary ulanylmaga başlandy. «Düýbünden başgaça usullary» diýenimizde, elbetde, döwrebap, innowasion usullary göz öňünde tutýarys. Çagajyklarymyz heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerek bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterlerini alýarlar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, munuň özi ýaş nesillere hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmaga, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmäge kömek edýär. Muňa sanly ykdysady eýýama taýýar şahsyýetleri ýetişdirmäge ilkinji ädim diýsegem boljak. Durmuşymyzyň ähli ulgamlarynyň sanlylaşyp başlan döwründe nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan habardar bolmaklary ilkinji şertleriň biri. Galyberse-de bilim ulgamy hem sanlylaşmakdan yza galanok. Şonuň üçinem, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda ýörite konsepsiýa hereket edýär.

Bilim bermek işinde sanly ulgama geçilmegi öz nobatynda mugallymlaryň hem, okuwçylardyr talyplaryň hem öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamy uzak aralykdan sapagy dolandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny guramak, elektron žurnal, elektron maglumat üpjünçiligi, bir wagtyň özünde ähli okuwçylar bilen deň işlemek, okuwçylar ýa-da talyplar bilen göni aragatnaşyga girmek, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek, teleköpri arkaly sapak geçmek, bilimleri barlamakda we okuwçylary bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, olary baý maglumatlar toplumy bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri peşgeş berýär.

Ýurdumyzda sanly bilimiň şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolunda ençeme aýgytly ädimleriň ädilendigi hem bellemeli ýagdaýlardan. Bu ugurda edilen işleriň iň wajyplarynyň biri hökmünde bilim portalyny mysal getirmek bolar. Ýaňy-ýakynda Awazada üstünlikli geçen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bölüminde talyplarymyz tarapyndan döredilýän we ýakyn geljekde Internet ulgamyna birikdirilmegine garaşylýan sanly bilim portaly ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly öwrülişik boljagy ikuçsuz. Gürrüň sanly bilim barada gidip, halkara innowasion sergä hem syryganyna görä, bizi juda buýsandyran ýene-de birnäçe täsirler barada agzap geçmezlik mümkin däl. Ýagny, Oguzhan adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary lukmançylykda peýdalanmak üçin adamyň el protezini taýýarlapdyrlar. Üstesine-de bu proteziň ozalkylardan aýratynlyklary bar. Bu protez allergik däl, ol 3D printer arkaly işlenilip taýýarlanan. Proteziň beden bilen galtaşýan tarapynda ýörite miosensor ýerleşip, ol arkaly onuň barmaklaryny herekete getirmek mümkin. Şeýle-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň taýýarlan «Akylly öý» taslamasy hem aýratyn öwgä mynasyp. Dogrusy özümiz-ä, metbugat-da bu barada okap buýsanmak buýsandyk. Siziňem, şeýle duýgulary başdan geçirendigiňize birjik-de şübhämiz ýok. Sebäbi bu — milli bilimiň ösüşi. Diýmek, geljegimiziň Aý aýdyňlygynyň habarçysy.

Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym öwrenmekden beýik zat ýok. Çünki adam näçe bilimli bolsa, ol Watany üçin şonça-da peýdaly bolýar. Goý, Watanymyzyň gülläp ösüşine goşant goşmak bagty her birimize nesip etsin!

Ogulmahym Ataýewa,

 «Türkmen dünýäsi».

 

  • 40
  • 26.08.2019