MAKALA

Elektrik uçary synagdan geçirildi

Finl­ýan­di­ýa­nyň paýtagty Hel­sin­kide Sloweniýanyň «Pi­pist­rel» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň elekt­rik uça­ry «Alp­ha Electro» synag uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Ýurtda bu wakany taryhy pursat diýip atlandyrdylar, çünki uçar ekologik taýdan bähbitli bolup, ýurduň häkimiýeti uçarlaryň şeýle görnüşini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Iki adama niýetlenen bu ýeňil uçar, Mal­mi ho­wa men­zi­lin­den as­ma­na gö­te­ril­di.

«Alp­ha Electro» uçary Hel­sin­ki­niň elekt­rik awia­si­ýa­sy as­so­sia­si­ýa­sy tarapyndan satyn alyndy. Bahasy 69 müň ýewro deň bolan bu uçar 45 minudyň dowamynda zarýad alyp, bir sagatdan gowrak uçuşyna ýetýär. Ýurtda 2040-njy ýyla çenli ýerli gatnawlarda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Finl­ýan­di­ýa­nyň par­la­men­ti­nin hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy bu elekt­rou­ça­ryň üs­tün­lik­li sy­na­gy­na ýo­ka­ry ba­ha berip: – Biz basym bü­tin ýur­dy üp­jün et­jek elekt­rik uçar­la­ry­nyň ösü­şi­niň şa­ýa­dy bo­la­rys – diýip belläp geçdi.

  • 80
  • 04.10.2018