MAKALA

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň gülläp ösmegi ugrunda bahasyna ýetip bolmajak ençeme işler amal edilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmagy, bu ugruň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde çagajyklaryň ak mekdepleriň birinji synpyna kabul edilen gününden kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýurdumyzda ulgamlary sanlaşdyrmak meselesinde çäksiz öňe gidişlikleri gazanmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda yzygiderli bilim edaralarynyň döwrebap binalary gurlup, innowasion enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, ýokary netijelere eýe bolmaga, şol bir wagtyň özünde ökde hünärmenleri taýýarlamakda ägirt işleri alyp barmaga bimöçber şertler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Döwletimiziň ylmy-tehniki, tehnologiýa we innowasiýa babatda ösüş depginini has-da güýçlendirmek maksady bilen, akademiki institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde tebigy we jemgyýetçilik bilimleri düýpli özleşdirilýär, bäsdeşlige ukyply, ykdysady netijeli ylmy barlaglar alnyp barylýar, täze tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar» diýip belläp geçdi.

2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan Türkmenistanyň Serhet institutynyň täze binalar toplumy hem ýokarky aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Institumyzda serhetçi serkerdeleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, ylym-bilim ulgamynyň täze gazananlaryny özleşdirmek dogrusynda çäksiz işler durmuşa geçirilýär. Her ýylda harby talyplaryň ýüzlerçesini kabul etmek we uçurym edip, dost-doganlyk serhedimiziň goragyna ýollamak işleri dabaraly ýagdaýda amal edilýär. Ynha, bu ýyl hem institumyzyň gujagyndan ençeme serhetçi serkerdeler uçurym bolup, şonça-da harby talyplar institutymyzyň gujagyna doldular. Bu bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň çäksizdigini ýene bir ýola aýan edýär.

Şu günler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Serhet institutynda hem Bilimler we talyp ýaşlar gününe ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 1-nji sentýabry ýagny, Bilimler we talyp ýaşlar gününi arzyly, dabaraly ýagdaýda garşylamak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şeýle asylly ýörelgelere eýerýän institumyzyň harby talyplary täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlykly gelendiklerini aýan edýärler. Olar bu sene mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere watansöýüjilik duýgusyny dabaralandyrýan edebi-çeper kompozisiýalary, ýörite görkezme çykyşlary, institutyň okuw durmuşyndan söz açýan sahnalary, aýdymdyr-sazlary taýýarlaýarlar. Ýokary ruhubelentlikde taýýarlyk işlerine agzybir gatnaşýan harby talyplar bu günki döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar. Ol alkyşlar bolsa harby talyplaryň dilinde joşgunly şygar bolup ýaňlanýar hem-de watansöýüjiligiň belent nusgasyny dabaralandyrýar.

 

«Serhat abat — Döwlet abat».

  • 46
  • 28.08.2019