MAKALA

Rahatlyk

Şägirtler halypalarynyň elmydama rahatlygyna, gaharlanmaýandygyna geň galýardylar. Munuň syry hakynda akyldardan sorapdyrlar. Onda halypa ýaşlygy hakynda bir ýatlamany aýdyp berdi:

— Ýaşlykda men rahatlyk küýsäp kölüň kenaryna barardym. Bir gaýyga münüp, kölüň içinde gözümi ýumup oturardym, şeýdip men kalbyma rahatlyk tapardym. Birdenkä meniň gaýygym beýleki bir gaýyga degdi hem-de meniň rahatlygymy bozdy. Men gaýygyň eýesine bar gaharymy dökesim geldi. Emma gözümi açyp görsem, gaýykda hiç kimiň ýokdugyna gözüm düşdi. Men özümde dörän gaharymy kime dökjegimi bilmedim. Onsoň täzeden gözümi ýumdum-da rahatlyga çümdüm.

Ýaşlykda bolan bu waka maňa ömürboýy sapak boldy. Sebäbi kimdir biri gaharymy getirse, men oňa garaýaryn hem-de öz ýanymdan «Bu hem boş gaýyk ýalydyr» diýýärin. Şeýlelikde, men gahardan saplanýaryn.

 

Terjime eden Arzygül Berdiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

  • 19
  • 27.08.2019