MAKALA

Şöhratly taryhymyzyň gymmaty

Bu goja zeminde ýaşaýan gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik-beýik şahsyýetler juda köp bolupdyr. Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň görkezip giden aýdyň ýol-ýörelgesi, nusgalyk keşbi akylly-başlylykdan, döwletlilikden nyşandyr. Ähli babatda ata-babalarymyzyň durmuş mekdebinden nusga almaga zatlar köpdür. Pederlerimiziň nusga alarlyk mirasyny ýaş nesle öwretmek bolsa döwrümiziň talabydyr. Şol mirasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna kybap getirip, döwrebaplaşdyryp peýdalanmak bolsa bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Jemgyýet bilen şahsyýetiň arasyndaky jebis sazlaşygy gazanmakda halkymyzyň milli terbiýe gymmatlyklaryna uly orun degişlidir. Türkmen Watan gahrymanlaryny, serkerdelerini, alymlary, şahyrlary döredip, dünýä beren halkdyr. Pederlerimiziň bize galdyran gymmatly ýadygärlikleri, milli mirasy, ylmy eserleri watansöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Şol gymmatlyklaryň ýaş nesli ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden, toplan ruhy-maddy gymmatlyklarynyň, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalarynyň, jemgyýetçilik pikiriniň, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleriniň ýaşlara berilýän terbiýäniň esasyny düzmelidigini nygtaýar. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem ösüp gelýän ýaş nesli milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek zerur bolup durýar.

Bular barada Gahryman Arkadagymyz: “Ata-babalarymyz ýaş nesli arassa ahlaklylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly ýörelgeler esasynda terbiýeläpdirler. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelýän nusgawy terbiýeçilik mekdebi bar” diýmek bilen, milli ýörelgeleriň nesil terbiýesindäki ähmiýetiniň juda uludygyna ünsi çekýär.

Ýaş nesliň milli ýörelgeler we däp-dessurlar esasynda watançylyk ruhunda terbiýelenmegi olarda ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaga bolan höwesiniň artmagyna, onuň geçmişine, pederlerine, halkyň däp-dessurlaryna sarpa goýmagyna, Watanyň taryhyny oňat bilmegine ýardam edýär. Ýaşlara ata-babalarymyzyň döreden, bize miras goýan maddy, medeni, ruhy gymmatlyklarynyň, milli däp-dessurlarynyň, edep kadalarynyň, ýol-ýörelgeleriniň, geçen gahrymançylykly ýolunyň öwredilmegi netijesinde, olaryň adamkärçilik häsiýetleriniň ösmegine, watançylyk duýgularynyň terbiýelenmegine getirýär.

Goja taryha ser salanymyzda, türkmen halkynyň çaga terbiýelemek boýunça baý mirasynyň bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Olaryň aglabasy halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinde, atalar sözüdir nakyllarda, ertekilerdir rowaýatlarda, eposlardyr dessanlarda, nusgawy şahyrlaryň şygyrlarynda we alymlaryň döreden gymmatly işlerinde jemlenipdir. Türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de geçmiş tymsallary, rowaýatlary, alymlaryň ýazan kitaplaryny we nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryny öwrenmekdir hem-de arassa ahlakly nesli terbiýelemekde olardan netijeli peýdalanmakdyr.

Hakykatdan-da, pederlerimiziň bitiren beýik işleri, döredilen maddy-ruhy gymmatlyklar ýaş nesliň aňynyň akyl bilen kämilleşmegine we ösmegine alyp barýar. Ata-babalarymyzyň bize galdyran şeýle gymmatlyklaryny berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şertlerine laýyk edip okuwçylara düşündirmek mugallymlaryň mukaddes borjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň kökleri asyryň jümmüşine uzaýan, dünýäniň özge halklarynyňka meňzemeýän baý mirasynyň, ahlak ýörelgeleriniň, edep kadalarynyň, ynsanperwerlik we watansöýüjilik, hakyndaky milli garaýyşlarynyň ýaşlarda ruhy-dünýägaraýyş gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde örän uly ähmiýeti bardyr.

Ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, olary milli ruhda terbiýelemekde, giň dünýägaraýyşly ynsanlar edip ýetişdirmekde ata-babalarymyzyň akyl-paýhasyndan dörän milli däp-dessurlarymyzdan, ýol-ýörelgelerden, edebi we medeni mirasymyzdan ugur alynýar.

Ýaşlaryň öz ýurdunyň taryhyny öwrenmekde jemgyýetçilik bilimleri boýunça guralýan sapaklar we sapakdan daşary çäreler mekdebiň binýadynda hereket edýän ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilýän işler bilen utgaşdyrylmalydyr. Munuň özi olaryň dogduk ülkesiniň taryhy, ata-babalarynyň döreden medeniýeti barada çuň bilimleri ele almagyna, türkmen halkynyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramagy öwrenmegine, ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hekaýatlaryň birinde beýik ykbally türkmen halkynyň taryhy ýoly arap halyflarynyň birini gyzyklandyrandygy, onuň akyldar danalary, wezirleri jemläp, türkmenleriň dowamly hökmürowanlygynyň, eden işleriniň elmydama hasyl bolmagynyň hikmetini öwrenmegi tabşyranda weziri: “Türkmenler aslynda ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk. Muny pygamberiň hadyslaram, taryhy kyssalar hem tassyklaýar. Ymmatyň ussat alymlary, ulamalary, hökümdarlary, serkerdeleri hem şolaryň neslinden çykar diýilýär. Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soňra, hökmürowan iň güýçli gerçekler hökmünde ýatlanylýar. Agzybirlige per berseler, ýeňmek, üstün çykmak, beýik bolmak olaryň ykbaly” diýip jogap beripdir.

Şeýle beýik ykbally halkyň nesil dowamaty bolan ýaşlar ata Watanymyzyň taryhyny we pederlerimiziň baý medeni mirasyny, ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny öwrenýärler. Bilim işgärleri ösüp gelýän ýaş nesilde Diýarymyzyň üstünliklerine, ösüşlerine, ýeten belent sepgitlerine buýsanjy terbiýelemek üçin yhlas edýärler.

 

Ogulbaýram Meläýewa,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri.

  • 20
  • 27.08.2019