MAKALA

Sürüjisiz harby ulagy

Sürüjisiz ulaglar eýýäm köp wagtdan bäri synaglardan geçirilýär, hat-da olar hakyky ýollara hem çykarylýar. Şunlukda, geljekde ýük daşamakda hem-de ýolagçylary gatnatmakda, hut ulagyň özüni sürüjisiz awtomatiki usulda dolandyryp boljakdygyna şübhe gün-günden azalýar.

Bu işde harby ulgamda hem çetde durulmaýandygyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Polaris» kompaniýasynyň hünärmenleriniň hödürlän sürüjisiz harby ulagy mysal bolup biler.

‹‹MRZR X›› adyna eýe bolan sürüjisiz harby ulagy diňe bir awtomatiki usulda sürülmän, eýsem ony islendik pursat sürüji tarapyndan hem dolandyryp bolýar.

«New Atlas» çaphanasynyň neşir etmegine görä, «MRZR X» pyýada goşunyň uruş meýdanynda maksadalaýyk hereket etmegine we esgerleriň goşmaça atyjylyk ýardamyndan peýdalanyp bilmegine mümkinçiligi bar. Adamlary we ýükleri gatnatmaga ukyply bolan bu ulaga ýaraglary berkidip bolýar.

‹‹MRZR X›› ýeterlik derejede ykjam taýýarlanypdyr. Ony ýük göterýän dik uçara ýükläp, islendik operasiýalaryň geçirilýän ýerine-de alyp gidip bolýar.

«Polaris» kompaniýasynyň wekilleriniň mälim etmeklerine görä, täze ‹‹MRZR X›› harby ulagy hemme taraplaýyn ähmiýetli we çeýe ulag serişdesi hasaplanylýar. Ýerine ýetirmeli işiň maksadyna laýyklykda, şol pursatda ulagyň gerekmejek gurluşynyň käbir böleklerini aňsatlyk bilen aýryp ýa-da täze şaýlaryny dakyp bolýar.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 92
  • 06.10.2018