MAKALA

Täze telefonyny tanyşdyrdy

HTC kompaniýasy täze «Wildfire X» telefonyny tanyşdyrdy. Smartfonyň 6,2 dýuým ululygynda HD+ durulygynda ekrany bar. Enjamyň öňki kamerasy 8 megapiksel durulygynda surata alýar. Telefona «MediaTek Helio P22» mikroprosessory oturdylypdyr. Mobil enjamyň 3 GB we 4 GB RAM-ly hem-de 32 GB we 128 GB ýatly iki görnüşi bar. Enjamyň ýadyny «microSD» kart bilen 256 GB-a çykaryp bolýar. Telefonyň yzynda 12 megapiksel durulygynda esasy kamerasy bolup, 8 megapiksel durulygynda telefoto kamera hem-de 5 megapiksel durulygynda çuňlugy duýujy sensory bar. Bular arkaly 2x optik ýakynlaşdyrma edip bilýän telefonyň «MyBuddy» atly goşmaça programmasy bar. Bu programma duran ýeriňizi we daş-töweregiňiziň wideosyny we suratyny bada-bat başga birine iberip bilýär. Telefonyň bahasynyň 140 ýewrodygy mälim edildi.

 

  • 16
  • 27.08.2019