MAKALA

Gysga setirlerde

25-nji awgustda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda dzýudo boýunça 33-nji Dünýä çempionatyna badalga berildi. 1-nji sentýabra çenli dowam etjek çempionata 149 ýurtdan jemi 860 dzýudoçy (519-sy erkek, 341-si zenan) gatnaşar. Türgenler çempionatyň dowamynda 14 agram derejesinde (erkekler 60, 66, 73, 81, 90, 100, 100+; zenanlar 48, 52, 57, 63, 70, 78, 78+) çykyş ederler.

 

“Gran Tur” welosiped bäsleşikleriniň 3-njisi bolan “Vuelta a Espana” ýaryşyna şu gün deňiz kenaryndaky Torrewieha şäherinden badalga berler. 21 tapgyrdan ybarat bolan ýaryş 3 hepdeläp dowam eder we 15-nji sentýabrda paýtagt Madridde tamamlanar. 74-nji gezek geçirilýän bäsleşige 22 topardan jemi 176 türgen gatnaşar. Türgenler jemi 3272,2 kilometrlik ýol geçerler.

 

Türkmenistanyň çempiony, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň kubogyndaky çykyşyny tamamlady.

Düýn, paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda Wýetnamyň “Hanoý” toparyny kabul eden “Altyn Asyra” AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň finalyna çykmak üçin diňe ýeňiş gazanmak gerekdi. Ýöne ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, bu toparlaryň arasynda geçen birinji duşuşyk 3:2 hasabynda Wýetnamyň toparynyň peýdasyna tamamlanypdy.

 

  • 33
  • 28.08.2019