MAKALA

Ösüşlerimiziň ganaty

Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi halkyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Şu pähimden ugur alýan mähriban Prezidentimiz döwlet Garaşsyzlygymyzyň we ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň jemgyýetçilik ösüşiniň özeninde durýandygyny ileri tutýar. “Döwletimiziň ylmy-tehniki, tehnologiýa we innowasiýa babatda ösüş depginini has-da güýçlendirmek maksady bilen, akademiki institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde tebigy we jemgyýetçilik bilimleri düýpli özleşdirilýär, bäsdeşlige ukyply, ykdysady netijeli ylmy barlaglar alnyp barylýar, täze tehnologiýalar önümçilige ornaşdyrylýar” diýip belleýär. Her bir jemgyýetiň ylmy taýdan kämilleşmegi döwrüň zerur şerti bolup, ol dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine goşulýar, şol bir wagtda, bu ösüşde täze usullar, innowasiýalar döredilýär. Ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi nazarda tutulyp, ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine getirilmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymaty durmuşymyzyň, ýaşaýşymyzyň esasy sütüni bolup, bolelin, agzybir, döredijilikli, eşretli günleriň berekedini eçilýär. Döwlet tarapyndan uly goldaw bilen amala aşyrylýan işler, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki, internet ulgamy bilen üpjünçiligi, öňdebaryjy usullaryň ulanylmagy, ýaşlara döwrebap ylym-bilim we terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi şu günki we ertirki nesiller üçin edilýän aladalardyr, taýsyz tagallalardyr. Durmuşa geçirilýän şeýle uly işleriň oňyn netijeleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk toýuna barylýan häzirki döwürde has-da aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biz döwlet syýasatynda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine goşulmagyna, şol sanda halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip gelen aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, paýhas gymmatlyklaryny özünde jemleýän bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Munuň özi, häzirki wagtda ählumumy ösüşiň esasy hereketlendirijisi hökmünde halk hojalygynyň islendik pudagynda hünärine kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyny şertlendirýär.

Maýa goýumlaryň düýp özenini emele getirýän esas bolup adamyň özi — zähmetkeş — ertirki hünär eýeleri bolan ýaşlar çykyş edýär. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagyny, ylmy-barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň netijelerini ylmyň ileri tutulýan ugurlary babatynda her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy işler boýunça bäsleşiginiň işjeň ýagdaýda geçirilmeginde-de görmek bolýar. Bu öz gezeginde, türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň ylymda aýratyn tapawutlanmagyna, olaryň ylmy işleriniň höweslendirilmegine, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Her bir jemgyýetiň ylmy taýdan kämilleşmegi döwrüň zerur şerti bolup, ol dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär, şol bir wagtda bu ösüşi durnukly ýagdaýda saklamak üçin täze usullar, innowasiýalar döredilýär. Ýurdumyzyň ösüşleriniň esasy ugry hem ylymda, innowasiýalarda, pudaklary senagatlaşdyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, ýaş alymlar neslini ösdürmekde we ussat hünärmenleri taýýarlamakda ýüze çykýar.

Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde kanunçylyk binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge hem aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýändigi bellenilýär.

Ynsan ömri ýagşy işleriň netijesi bilen baýdyr. Ynsanyň kuwwaty bolsa onuň ylym-bilim derejesi bilen kesgitlenýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň döwrebap ylymly, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilen asylly maksatlar, durmuşa ornaşdyrylýan işler halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Milli Liderimiz “Ylym-bilim biziň işimiziň iň mö­hüm bölegi bolmalydyr” diýmek bilen, ýurdumyzyň milli ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda goýýar. Ýurdumyzda ylmy we bilimi, medeniýeti we milli sungaty ösdürmek döwlet syýasatynyň özeni bolmak bilen, geljekde hem has-da aýratyn üns beriljek esasy ugurlaryň biridir.

Ylym ösüşleriň ganatydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri bizi has-da ruhlandyrýar. Türkmen jemgyýetini ösdürmekde gijesini gündiz edip işleýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Welimyrat ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

  • 26
  • 27.08.2019