MAKALA

Singapur nakyllary

Akyllam, akmagam ukusyz ýaşap bilmez.

Ala sygryňam süýdi ak.

Almaz almaz bilen kesiler.

Altyny peçe atsaňam, reňkini üýtgetmez.

Aýal — öýüň iň gowy bezegi.

Çeni bilen iýseň, dok bolarsyň.

Derýany ýüzüp geçene howdanyň howpy ýok.

Dokmaçy nähili bolsa, matasy hem şonuň ýalydyr.

Ähli görünýän zatlar hemişelik däldir.

Gahrymany ýeňiş döredýär.

Garga üçin çagasy tylladan ýasalan ýalydyr.

Hakykatyň güýçsüz ýerinde ýalan söz kömek etmez.

Haşal otuňam peýdasy bardyr.

Her bir ýylpyldaýan zat tylla däldir.

Her kimem bir gezek ýalan sözländir.

Köp aglaýan çaga köp süýt emer.

Lukman özüni bejermez.

Oduň haýsy tarapyndan barsaňam, ahyry ýakar.

Oglam enesine görä bolar.

Öýlenmekçi bolsaň, gelinligiň ejesini tana.

Pamyk ot bilen oňuşmaz.

Pişige — oýun, syçana — jebir.

Sebäpsiz gamgynlyk bolmaz.

Suw aşak akar.

Sygyr satyn aljak bolsaň, onuň süýdüni dadyp gör.

Tüsse bar ýerinde ot bardyr.

Un tapylsa, gyzzyrma bolar.

Rusçadan terjime eden Hojaberdi HOJADOW.

  • 28
  • 28.08.2019