MAKALA

Geljegiň el telefony – Nokia E-Cu

Nokia E-Сu – bu el telefonuň baş ýörelgesi bolup, ol Londonly bezegçi Patrik Hiland tarapyndan döredilendir. Bu telefon siziň jübiňizde duran ýerinde ýylylykdan zarýad alyp bilýändir. Bu telefona birikdirilen termogenerator islendik zadyň ýokary temperaturasyny el telefonuny kuwwatlandyryp biljek elektrik energiýasyna öwürýär.

Bu el telefonunyň daşy medi çig malyndan edilendir we ýylylygy yzyna gaýtaryjy enjam guraklykdan jaýrylan ýere meňzeş nagyşlanan görnüşinde gurnalandyr. Her ýyl el telefonlarynyň zarýad beriji enjamlary daşky gurşawa 51 000 tonna zyňyndyny öndürýär diýip Patrik öz sözünde belleýär. Nokia E-Сu el telefonunda termogeneratoryň barlygynda bolsa bu meseläni düzedip bolar.

  • 22
  • 28.08.2019