MAKALA

Milli bilimiň hukuk esaslary

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyz ynsanperwerlik däplerine esaslanýan gurmak we döretmek ýolundan ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimizde, jemgyýetçilik durmuşymyzda uly üstünlikler gazanylýar.

Diýarymyzda milli bilim, ylym ulgamlaryny düzümi hem-de mazmuny boýunça ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mähriban Arkadagymyzyň kabul eden döwlet we milli maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim, ylym ulgamlaryna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşynda: «Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwlete öwürmek boýunça giň gerimli işleri ýola goýmak ýokary tehnologiýaly önümçilikleri we täze iş orunlaryny döretmegi göz öňünde tutýar. Munuň özi ussat hünärmenlere bolan islegleriň artmagyna getirýär. Bu bolsa, öz nobatynda, ýokary we orta ýörite bilimi, hususan-da, geljekki ösüş üçin zerur bolan hünärler boýunça okuwlara taýýarlyk işini kämilleşdirmegi, netijede bolsa, täze kafedrlary hem-de fakultetleri döretmegi talap edýär. Ýurdumyz üçin zerur bolan hünärler boýunça beýleki döwletleriň abraýly ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzy bu işlere çekmek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belläp geçdi.

Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri hem bilim almaga bolan hukukdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr» diýlip berkidilýär. Bu konstitusion kadada: «her bir adam» diýlende, milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, her bir adamyň bilim almaga bolan hukugy nazara alynýar. Şeýle hem bu kada «Adamyň hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda» (1948.) hem-de «Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara ylalaşygynda» (1966.) öz beýanyny tapýar.

Bilimi kämilleşdirmek, jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde, Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilim ulgamynyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy. On bir bapdan we 50 maddadan ybarat bu Kanun bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirmek bilen, döwlet syýasatynyň bilim ulgamynda binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýär.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bilimiň Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady bolup durýandygy, bilim babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, bilim maksatnamalary, bilim ulgamynyň işgärleriniň hukuklary we borçlary ýaly ýaş neslimizi terbiýeläp ýetişdirmekde zerur çäreler görkezilýar. Kanunyň «Ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň hukuklary we borçlary» diýlip atlandyrylan 42-nji maddasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, olarda kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara, şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmak medeniýetini kemala getirmäge hukukly we borçludyklary, çagalarynyň hökmany umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge we bilim edarasynyň Tertipnamasynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge borçludyklary berkidilýär.

1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakynda» Konwensiýa laýyklykda, çaga bilim bermek çaganyň şahsyýetini, onuň zehinini hem-de akyl we beden ukyplaryny ösdürmek işlerinden durýar. Şonuň ýaly-da, bilim bermegiň çaga adam hukuklaryna we azatlyklaryna, öz halkyna, milletine sarpa goýmagy, onuň medeni özboluşlylygyna, diline we ýaşaýan ýurdunyň milli gymmatlyklaryna we özüniňkiden tapawutlanýan medeniýetleriň gymmatlyklaryna hormat goýmagy öwretmekden ybaratdygy bellenilýär. Bu halkara resminamada her bir çaganyň ýaşamaga, adynyň we raýatlygynyň bolmagyna we öz ata-enesini bilmäge, şahsy maşgala durmuşyna, öz garaýyşlaryny kesgitlemäge ukyby bolan çaganyň şol garaýyşlary erkin beýan etmäge bolan hukugy, bilim almaga, öz medeniýetini peýdalanmaga, şeýle hem öz ene dilini ulanmaga, dynç almaga we güýmenmäge, oýunlara we göwün açýan öz ýaşyna laýyk gelýän çärelere hem-de medeni durmuşa gatnaşmaga, sungat bilen meşgullanmaga bolan hukuklary göz öňünde tutulandyr. Oňa gatnaşyjy döwletler bu hukuklaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin milli hukuk esaslaryny hem-de zerur bolan ähli şertleri döredýärler.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy» çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmegi we goragyň üpjün edilmegi çygrynda maksatlary we wezipeleri kesgitleýän toplumlaýyn resminama bolup durýar. Çagalaryň hukuklary boýunça Milli meýilnama durmuşa geçirilmegi babatda maksatlara we wezipelere bölünýär. Onuň üçünji maksady çagalaryň uçdantutma ählisiniň bilim almaga, şeýle hem ukyplaryny we başarnyklaryny hemmetaraplaýyn we doly ösdürip, kemala getirmäge hukuklarynyň bardygyny we halkara ölçeglerini we iň gowy tejribeleri ornaşdyrmak arkaly orta bilimiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün ediljekdini görkezýär.

Döwlet her bir adama, onuň ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün etmegi kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde, bilim bermek işi tölegli esasda ýa-da döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek arkaly amala aşyrylyp bilner.

Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin bagtdyr. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaşlar üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga ähli şertler döredilýär. Goý, ýurdumyzda bilime giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Ejebaý ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa

institutynyň uly ylmy işgäri.

  • 49
  • 30.08.2019