MAKALA

Watançy gerçekler bäsleşdiler

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän serhetçi esgerleri mukaddes borja ruhlandyrmak, harby gullugy birkemsiz ýerine ýetirmäge höweslendirmek maksady bilen olaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem her ýylda geçirilmegi kada öwrülen «Watançy gerçekler» atly bäsleşikdir. Bu bäsleşik terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň netijeli görnüşi bolmak bilen, ol esgerleri biri-biri bilen dost-dogan edýär, özara pikir alyşmaklaryna giň mümkinçilik döredýär. Sungat bilen sazlaşykly gulluk alyp barýan esgerleriň döredijilik ukyplaryny artdyrýar. Golaýda bolsa, «Watançy gerçekler» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ýörite düzülen eminler topary bäsleşigiň jemlerine we onuň guramaçylykly geçirilişine sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly syn edip, şowly çykyş eden serhetçi esgerleri adalatly bahalandyrdylar. «Dost-doganlyk serhedimiz asuda» atly edebi-çeper kompozisiýa bilen 1-nji şertde bäsleşige gatnaşan esgerler, döwürdeş şahyrlarymyzyň we Gullugymyzyň düzüminde goşgy ýazmakdan baş çykarýan harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň içeri we daşary syýasatyny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň waspyny ýetirýän şygyrlaryny joşgunly sazlaryň astynda labyzly ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde kalplary buýsançdan doly esgerler berkarar Watanymyzy, dost-doganlyk serhedimiziň goraglylygyny, ajaýyp döwrümizi wasp edýän döwrebap aýdymlary hem-de bir sany türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirdiler. Tüýs ýürekden ýerine ýetirilen aýdymlar bäsleşige serhet ýaýlasynyň mylaýym hoştap howasyny alyp gelen ýaly duýuldy. Ýaňlanan aýdymdyr sazlar bäsleşige tomaşa eden esgerleriň göwünlerini galkyndyrdy.

«Men serhetde gulluk edýärin!» atly surat eserlerini taýýarlamak şertinde esgerler Garaşsyzlyk ýyllarynda Döwlet serhedini goramakda gazanylan üstünlikleri hem-de hut özleriniň serhetde gulluk etmäge bolan söýgülerini we serhetçi diýen belent ady hormat bilen göterýändiklerine bolan buýsançlaryny açyp görkezdiler. Netijede, ruhubelent serhetçileriň edermenliklerini we batyrgaýlyklaryny çeper suratlandyrýan zehinli suratkeşler ýüze çykaryldy. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji toparlar belli edildi. Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Serhetçi esgerleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredýän bäsleşikleriň oňat netije berýändigini eminler ýeňijilere sowgat gowşuranlarynda uly ynam bilen aýtdylar.

Myratgeldi Hallyýew.

  • 27
  • 30.08.2019