MAKALA

Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Dubaý şäherine geldi

Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Şri-Lankanyň garşysyna geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek maksady bilen BAE-niň Dubaý şäherine geldi. Milli ýygyndymyz Dubaý şäheriniň “Gulf Court Hotels” myhmanhanasynda düşledi.

30-njy awgust – 3-nji sentýabr aralygynda geçiriljek türgenleşik ýygnanyşygynyň yzysüre ýygyndy toparymyz saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynyň geçiriljek ýeri bolan Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherine ugur alar.

Ýakynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişeniň Şri-Lanka bilen Koreýa Respublikasynyň garşysyna geçiriljek oýunlara gatnaşjak 23 oýunçynyň sanawyny mälim edendigini ýatladýarys.  

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa yklymynyň saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda çykyş edýän Şri-Lankanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 5-nji sentýabrda Kolombo şäheriniň “Colombo Racecourse Sports Complex” stadionynda geçiriler.

  • 26
  • 30.08.2019