MAKALA

Gadymy Änew medeniýeti

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda gojaman taryhda maddy we medeni gymmatlyklaryň beýik nusgalaryny döredip, gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda ägirt uly işleri alyp barypdyrlar. Bu günki gün şol medeni we taryhy gymmatlyklar bagtyýarlyk döwrüniň çogly güneşiniň astynda nur saçyp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýär.

Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda ylmy agtaryşlary alyp baran arheologlary, dünýä medeni mirasyny öwrenijileri türkmen topragynda asyrlara şaýat bolup oturan her bir taryhy desga çuňňur gyzyklandyrypdyr. Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç, Maşady-Misseriýan ýaly ýadygärlikler toplumy, olaryň bina ediliş aýratynlyklary düýpli öwrenilipdir.

Şeýle gymmatly medeni ýadygärlikleriň biri-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 12 kilometr gündogarynda ýerleşen gadymy Änew galasy we şol galanyň içinde bina edilen biziň eýýamymyzyň XV asyryna degişli bolan Seýitjemaletdiniň kümmetidir. Bu medeni zolakda asyrlaryň ýel-ýagmyryny başyndan geçiren iki sany depe görnüşindäki medeni gatlak biziň häzirki günlerimizde hem töwerege aýratyn gelşik berip, türkmen topragynyň gojaman taryhynyň nusgasy hökmünde howalanyp otyr.

Dünýä alymlary dürli döwürlerde Änew medeniýeti bilen içgin gyzyklanypdyrlar. Demirgazyk çetki depelerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, bu medeni ojagyň has irki gatlaklara degişlidigi anyklanypdyr. Munuň özi onuň Jeýtun medeniýetiniň döwürdeşidiginden habar beripdir. Ol ýerde ilatyň dag çeşmelerinden peýdalanyp, esasan ekerançylyk işleri bilen meşgullanandygyna şaýatlyk edýän alamatlar saklanyp galypdyr. Bu ýerden tapylan bugdaý däneleri bugdaýyň ilkinji Watanynyň Änew topragydygyna güwä geçipdir. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde saklanýar.

Şol döwürlerde keramiki önümlere ünsüň güýçlenmegi, küýzejiklere we hojalyk üçin niýetlenen dürli gap-gaçlara bugdaý baldajyklarynyň we beýleki ösümlikleriň şekilleriniň salynmagy halkyň aň-düşünjesiniň kem-kemden özgerişlere eýe bolandygyny alamatlandyrypdyr.

Gadymy Änewiň arheologiýa depelerini öwrenmäge ilkinji bolup, 1886-njy ýylda professor W.A.Žukowskiý başlapdyr. Ol metjidiň portalyndaky arap ýazgysyny okap, terjime edipdir. 1904--nji ýylda bolsa R.Pompelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan topary bu işi dowam etdirip, ol ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Gündogarşynas arheolog A.A.Semýonow metjidiň gysgaça beýanyny teswirläp, 1905-nji ýylda Moskwada neşir edilen «Rus sözi» atly gazetde çap edilen «Gözellik öýüniň medeniýeti» atly makalasynda onuň häsiýetli aýratynlyklaryny beýan edip şeýle ýazypdyr: «Uzaklardan seleňläp görünýän Änew ýadygärlikleri nazaryňda baky galyp, bilesigelijiligiňi artdyrýar. Ýadygärlikler toplumynyň dünýäsine aralaşanyňda, türkmenleriň ata-babalarynyň gudratyna haýran galýarsyň».

Alym pikirini dowam edip: «Şeýle sünnälenip bejerilen binalar, olaryň milli arhitektura esaslary, gök-mawy, sary syrçalaryna salnan nagyşlar aklyňy haýran edýär. Beýle gözel binalar dünýäde az-azdyr. Çogly Güneşiň astynda nur saçýan türkmen ülkesinde şeýle medeni ojaklaryň bardygyndan habarly bolmak hemme adamlar üçin zerurdyr» diýip belleýär.

Arheolog A.A.Semýonowyň çuň mazmunly bu makalasy okyjylar köpçüliginde dünýä medeniýetiniň altyn ojagy bolan türkmen topragy, onuň geň--enaýy taryhy gymmatlyklary hakynda çuňňur gyzyklanmalary artdyrypdyr.

Gadymy Änewiň medeni desgalary 1920-nji ýyldan başlap A.A.Karelin, W.R.Tripolskiý ýaly alymlar tarapyndan düýpli öwrenilmäge başlanypdyr. Şol birwagtyň özünde inžener S.S.Sklýarow ilkinji bolup metjidiň çyzgysyny çyzypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Orta asyrlaryň gurluşyk işlerinde bişirilen keramiki kerpiçleri bezeg işlerinde ulanmak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýlelikde, Änew metjidinde hem şeýle kerpiçler we dürli reňkli syrçalar giňden peýdalanylypdyr. Bu işler ol ýerdäki dürli görnüşli jaýlaryň 17-sinde öz beýanyny tapypdyr.

Metjidiň arkasy ýokarlygyna uzap gidýän iki sany uzyn mähraply esasy girelgesiniň maňlaýynda haşamlanyp, arap hatynyň kufi elipbiýinde sünnälenip ýazylan ýazga esaslansaň, bu «Gözellik öýüni» 1446–1457-nji ýyllarda Teýmiriň çowlugy, Horasan şasy Abul Kasym Babyr gurdurypdyr. Muňa ýazgydaky: «Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul Kasym Babyr Bahadurhan patyşalyk süren wagtynda bina edildi» diýen jümleler aýdyň mysaldyr.

Beýleki bir ýazgyda ony Muhammet diýen biriniň 1455–1456-njy ýyllarda öz kakasy şyh Jemaletdiniň hormatyna öz serişdeleriniň hasabyna gurdurandygy hakynda aýdylypdyr.

Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheolog alymlaryň ünsüni çeken esasy zatlaryň ýene biri-de, portalyň mozaik bezeginiň çeperçilik aýratynlygy bolupdyr. Onda aýlaw binanyň üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp, süýnüşip gelýän iki sany aždarhanyň şekili janlandyrylypdyr. Olaryň sarymtygrak we gök öwüsýän göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy mozaik düşegiň üstünde towlanýar, ol ownuk ösümlik nagyşlary bolsa jandarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar. Bu işler Änew metjidiniň dekoratiw bezegini türkmen halkynyň gadymdaky öz ata-babalaryndan miras edinip alan çeperçilik äheňleriniň hut özi diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň taryhynda heniz gabat gelinmedik bu täsin şekiller özüneçekijiligi bilen metjidiň gymmatyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň dünýäde iň irki medeni ojaklaryň biridigini, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döreden halkdygyny indi tutuş dünýä ykrar edýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara ähmiýetli forumlara, ylmy maslahatlara gatnaşmaga isleg bildirýän dünýä ýurtlarynyň sanynyň artýandygy, dünýä metbugatynda, ylmy jemgyýetçiliginde türkmen taryhyna degişli täze-täze sahypalaryň açylýandygy muňa doly şaýatlyk edýär.

Orta asyrlarda taryhda görnükli şahsyýetleriň biri bolan Seýit Jemaleddiniň hormatyna bina edilen bu ýadygärlikler toplumy biziň häzirki döwrümizde dünýä ýurtlarynyň wekilleriniň hem iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Goý, beýik işleriň gözbaşynda durup, halkymyzyň köpasyrlyk milli mirasyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Azat GYLYJOW,

uly ylmy işgär.

  • 25
  • 30.08.2019