MAKALA

Howany arassalamak üçin Hytaýdaky Nou-hau ümür toplary

Hunan Jiujiu Mining Safety Equipment şereketi tarapyndan döredilen bu enjam ümür döretmek bilen goýy tüsselerden, tozanlardan we başga-da howadaky bar bolan ýaramaz hapalardan howany arassalaýar. 2013-nji ýylda şuňa meňzeş toplary kärhanalarda we gurluşyk meýdançalarynda ulanyp başlapdylar, häzir bolsa olary şäherlerde-de ulanýarlar.  Şäherler üçin bu toplaryň kämilleşdirilen görnüşleri  60 metr belentlik bilen 100x100 meýdany dumana gaplamaga ukyplydyr. Elbetde bu usul bilen howany dolulygyna arassalamak mümkin däl,  ümüriň ownujak bölejikleri bary bir howany arassalamaýar, emma nähili hem bolsa bu usulda dem almak ep-esli ýagdaýda ýeňilleşýär. Toplar ykjam we stasionar görnüşlerde öndürilýär. Ilaty 1,4 millliona deň bolan Guýgan şäheriniň häkimiýeti şuňa meňzeş toplaryň bäşisini ulanýarlar, ondan daşary Hunan Jiujiu şereketinden beýleki şäherler hem şeýle toplary sargaýarlar.

  • 18
  • 30.08.2019